gulshatayewa97
03.02.2024 18:26
Ýylgyrdyň,öz böwrűň özűň gyjyklap,
Gyssandyň gunçala:n göwnűň açmaga.
Sebàp ýokdy bukjalaryň gujaklap
Önűp-ösen ojagyňdan gaçmaga.

Gaçdyň gitdiň,sorup ýuwdunaryňdan,
Az ýaly öýňűziň tàmiz howasy.
Çagalykdan diňlàn hűwdűleriňden
Ýakymlydyr öýtdűň yşkyň owazy.

Aýdym-saza hem zeňzelà çolaşyp,
Ýetdiň edýàn arzuwyňa, geregiňe.
Şatlan,aldyň bu şatlygy çalyşyp,
Ataň-eneň söýgűsiniň deregine.

Diýýàň bu gűn "Razy bol" bir diysemdim,
Ýalaňaç ökűnçler örtànok seni.
Gözűň ýaşlap ataň öýűn kűýsediň,
Ýöne olar öýűne eltenok seni.

Önrtenerler aglasaň sen,solsaň sen,
Gulagyňa dàl, ýeter a:gryň yűregiňe.
Bagtly dàlsiň...
Bagty alan bolsaň sen,
Ataň-eneň söýgűsiniň deregine...


Atamyrat Atabaýew
25
33
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.