nabat_
03.02.2024 15:05
Söýgi aslynda nädip döreýär?



Hormatly okyjylar meniň häzir size ýetirjek maglumatymdan siz haýrana galarsyňyz... Söýgi nädip döreýär diýen tema her kim özüçe ýol goýup biler. Psihologlar üçin bu tema barada gürrüň etmek gaty gyzykly we ýatda galmaýan maglumatlar. Indi meniň üçin olar gybat edýän ýaly. Her kim diýýär, jedel edýär, “bir bakyşdaky söýgi”.

“Bir bakyşdaky söýgi” bu elbetde jedelli tema ýöne bu aslyýetinde bar. Söýgi biziň şahyrlarymyzy joşdurýan gyzykly zatlaryň biri bolup durýar. Elbetde hemme kişäde söýginiň asyl döreýşi gyzyklandyrýar.

Ilkibada fakt taýdan bu soraga jogap tapmadym. Soňra psihologiýa taýdan ýol agtardym, şonda: haçanda çaga bolanda, meselem aýdaly gyz, ol ilki kakasyna aşyk bolýar we öz kakasyna meňzeş oglany ýetişenden soňra gözleýär, oglanlar bolsa tersine ejesine aşyk bolýar we ejesi bilen deň tertipdäki gyzy gözleýär. Üns berip görseňiz ýaňja bolanja gyzjagaz kakasynyň ýanynda özüni gorag astynda duýýan ýalydyr. Dogrudan hem barlap göremde, menem oglan, ilki özümden başladym. Çynymy aýtsam entäk öýlenmedik we söýüşýän gyzyma we ejeme üns berdim ikisinde gabatlaşma bar, ilki bilen häsiýetlerinde. Oglan hökmünde gyzlara şeýle maslahat berjek: durmuşa çykaňyzdan soňra oglanyň ejesinden nahar bişirmäni öwreniň ýagny nahary şol oglanyň ejesiniň bişirişi ýaly tagamda bişirmäni öwreniň we siz dünýädäki iň bagtly aýal bolarsyňyz.

Alymlar diýýär: bizi ýaradan (ýagny adamlary) ilki bilen oglanda barlag geçirip soňra gyz maşgalany ýaradypdyr diýýär. Munuň subutlandyrmasy şeýle düşündirilýär: oglanlar men sizi gynandyryp biljek bize düýbinde çüwmändir, emma gyzlara bolsa köp zat berilipdir. Diýmek, eger-de siz oglan bolsaňyz ýanyňyza bir gyzy alyň, eger gyz bolsaňyz oglany: ikiňizem gapdalyňyza serediň, oglan yzyndaky zady görmez, emma gyz bolsa görer. Oglanlaryň görüş burçy 90 gradus, gyzlaryňky bolsa 180 gradus! Biraz temadan daşary çykdym, sebäbi käbir zatlary belläp geçesim geldi.
Indi bolsa aslynda söýginiň döreýşi barada aýtjak:

Hemme zat gyzlardan başlaýar we oglanlardan tamamlanýar: gyzlar haçanda atyr (duhi) sepenlerinde: goşarlarynyň aşak tarapyna we boýunlaryň yz tarapky aýlawyna sepýärler, gyzlar näme üçin? Gyzlara başdan “şeýle sepinmeli” diýilip öwredilen emma näme üçindigi düşündirilmedik. Häzir men size düşündirjek: şol atyr ýerleriňizde siziň özüňiziň söýgi yslaryňyz bolýar, şol ys bolsa oglanlaryň burunlarynda bildirýär we oglanda bir bakyşdaky söýginiň döremegine eltýär. Haçanda siz şol ysy başga atyr we beýleki ys beriş serişdeler bilen çalyşaňyzda siziň aýdaly tagamyňyz üýtgeýär we netijede size gabat gelmeýän oglan sataşýar! Men şonyň üçin şolar ýaly zatlary sepinmän özleriniň ýeketäk yslary bilen gezýän gyzlara begenýän, çünki olar ahyrda öz hakyky bagtyna duşýarlar.

Yna şu sebäplere göre biz ýygydan 1 aý duşuşyp aýyrlaşýan jübütlere gabat gelýäs. Şol ýagdaýda “atyrly duhi” gutardy diýip pikir etseňem bolýar. Hemme zadyň gülkisi hem şu ýerde. Megerem siz meniň aýdanlaryma düşünen bolsaňyz gerek. Gyz nähili owadan hem bolsada köçede görseňizem, öňüne-yzyna seretseňizem siz onyň yzyndan gitmersiňiz. Emma bir gün bir gyzyň yzyndan gidersiňiz we özüňizde şeýle duýgy dörär ol duýgam söýgi! Ol hakykatdanam adam bedeninde bar we aslyýetinde ol duýgam gözellik ýa-da başga bir usullar bilen geçmän eýsem ysyň üsti bilen geçýär. Gyzlar köplenç zeýrenýärler-dä, gowy ýa-da aýdaly olaryň öz diýýän oglanlary ýok diýip, azyrak sepiniň meniň diýjek zadym. Şunyň şeýledigine menem ilkibada ynanmadym, soňra welinim barlap gördim. Bu zatlar baryp eýýäm 50-60-njy ýyllarda subut edilen, megerem siziňem bilýän bolmagyňyz mümkin, bilmeýänler üçin paýlaşaýaýyn diýdim
35
155
nabat_
6 May 2024
@kppbilmish, statusdan tanadym😁
nabat_
6 May 2024
@kppbilmish, sps like ucin😊🙃
cezv
3 Fewral 2024
😂😂😂😂😂😂😂😂ay goyaaa km yazanam bolsa suny soygi barada Duhiñ name Dahyly bar gowy duandrpdr 😂😂😂oznem tejribe gecrp goren bolsan dogrydyr 😂😂
gulshatayewa97
3 Fewral 2024
Brem menä bir bakyşda söýgä hijem ynanamok, wgowy görüp bolar ýöne söýmek dälmikä diýýän. Wagtyň geçmegi bilen bir adama öwrenişmek bilen döreýämikä diýän söýgi
gulshatayewa97
3 Fewral 2024
Bah biderek pul berip ýörmäň diýäňmi. Ýöne şo bir belli duhyny belläp mydam şony sepinseňem öz belli bir ysyň bolýa ýatda galyjy😇
kudurje
3 Fewral 2024
Telefonda tanysan bolup sonom soyusen bolyalar o nahili zat, görüp tanysmaly telde dal sebabi adamy görüp görüşüp gurleseli görüşüp gurlesesin bln telde gurlesenin hasiyeti3den dal
nabat_
3 Fewral 2024
@myrataly_, hawa😊menem geñ galdyň şoñara😕
myrataly_
3 Fewral 2024
@nabat_, Uytgeshik)
nabat_
3 Fewral 2024
@myrataly_, göni manyda
myrataly_
3 Fewral 2024
@nabat_, Duhi goni manydamy ya men dushinmedimmi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.