ilhano_va
03.02.2024 12:46
Isleg öçdi, kelle göçdi
Göwün rahat däl, hemaýat
gözleýäň, dözýäň özüňe.
Emma düşünmez jemagat,
Süňňüň sowuk, göwnüň döwük,
Gözüňde bulut jemlenen.
Wyždan nirde, ygrar nirde?
Ony götermez çem gelen,
Çen bilen çarçuwa salyp,
Seň keşbiňi döretdiler
Ol senmi nä,
ㅤㅤㅤㅤㅤㅤsenmi nä ol?
Giň dünýäňi daraltdylar.
Ýar etdiler hiç diýmejek
Sözleriňi saňa garşy.
Sen şol pursat niredediň,
Ýa-da titretdiňmi arşy?!
Garşy bu zatlara garşy
Bolduňmy ýüregni ýakan?
Adam özün düşündirer,
Söz bilen derdini döker.
Çeker ýüki ýüreginde,
Şolmy ýa ömrüň özeni?
Seni dünýäde ýaşadar,
Hemem söz öldürer seni.

Gülnar Geldimyradowa
20
32
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.