loona_girl
03.02.2024 11:23
Her yigidiň aslyn biley diyseňiz,
märekede otur - turşuny gorüň.
Birew bilen aşna bolaý diyseňiz,
Owwal ykyrarynda durşuny gorüň.


Uzak ýola gidip geler bolsaňyz,
Merdanalyk gyljyn çalar bolsaňyz.
Bir bedewi saylap alar bolsaňyz,
Synasyn, sagrysyn, gerişini gorüň.


Bir pul duşse bir üflasyň goluna,
Gowsun acyp gezer gyşyň ýeline.
Hyrydar bolsaňyz gyza geline,
Edebi ekramyn oturşyn görüň.


Goc ýigidiň at ýaragy şay bolsa,
ýetişer her yerde hayda hay bolsa.
Özi hatam bolup, yene bay bolsa,
Çar tapardan myhman gelişini görüň.


Namar ýorer mydam ölümden gacyp,
Öýüne gelende, zaherini sacyp.
Mert Yiğit ölüme synasyn acyp,
Namardyň oyunden gacyşyn görüň.


Gadyrdan gardaşdan, uzak daş bolup,
Gadyrsyz yat bile garyndaş bolup.
Magtymguly, näsazlara duş bolup,
Hojanyň seyidiň yörüşin görüň.


Magtymguly Pyragy.
35
36
kizi
4 Fewral 2024
Jana goşgy👍
solty
3 Fewral 2024
Salam sohbetdeslige geldä
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.