Gawunyň ýagşysyn şagal iýer bolsa,
Namarda duş etdiň ýaryň ýagşysyn.
Hak her kime haýyr döwlet biýr bolsa,
Patyşa bagyş etdiň zeriň ýagşysyn.
Binamys dertden aman eýlediň,
Baran jaýyn meýlis - mekan eýlediň.
Durna, gaz mesgenin Umman eýlediň,
Hindige bagyş eýlap ýeriň ýagşysyn.
Akyl keser, gowün galkar her bapdan,
Bars - göwheri bent eýlediň mahtapda.
Bedewi parsyda tili arapda,
Bagyş kyldyň bady - şütrüň ýagşysyn.
Periler oynayan ajap çağlarda,
Gül, bülbül bendidir Erem bağlarda.
Gara daşly gudraty köp dağlarda,
Mekan eýlap goyduň garyň ýagşysyn.
Şalar ağlar boldy bagryň baş etdiň,
Aklyn aldyň, kör eýlediň läş etdiň.
Magtymguly, diy, ne ajap iş etdiň,
Ýamana duş kylyp äriň ýagşysyn.
Magtymguly Pyragy