volf
05.02.2024 08:38
Geldin bahar durmuşa jan getirdiñ
Giñ asmandan dokýãñ tylla merjeni
On altymdan on ýedime ýetirdiñ
Hiç unudyp bilmen asyl men seni

Howa seni gõrdim on alty gezek
Emma on ýedimiñ bahar ýazyny
Aýdym ýaly gursagymda göterip
Dutar alyp çalýan onyñ sazyny

On ýedi ýaşymda gül açan bahar
Maña şu durmuşa giñ ýolun açdy
Deñiz bolup joşýan bu ýaşlygym
Baky gülzarlygyñ ýoluny saçdy

Sag bol Eziz Bahar sag bol geregim
Ýyldan ýyla saña alkyş sözlãrin
Urmasyn goýýança meniñ ýüregim
On ýedimiñ baharyny gözlãrin

Eziz Myradow
17
53
tedy
4 May 2024
Asyl achylmadyk shahyr edayipdr sizii tuwelemee👏
volf
14 Mart 2024
@1414, Salam goumy
1414
13 Mart 2024
@volf, salam
volf
13 Mart 2024
Senin yazyan gosgylaň başga meniň döredijiligim bn deb dal
volf
13 Mart 2024
Olar rep gosgy dal.Tal shto bu mniň dorejiligim hemmaniň gowninden turmak kyn
efsane_tm
13 Mart 2024
mundan öñki goşgylaryñy okap muny ozuñ yazanyña ynanmak kyn düşýär, sebabi öñki goşgylaryñ ne tabasy bar ne tagamy... tankyda dogry düşünersiñ diyp umyt edyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.