GARYPLYKDAN GAÇ
“Garyplyk, ýoksullyk” diýenimde maddy
taýdan ýeter-ýetmezligi, mätäçligi göz öňünde tutamok, ol zatlardan gaça durmaklyk, ol zatlara kowalaşmazlyk nesihat ýa ündew etmezden hem düşnükli, aýdyň zat. Men medeni, aň-düşünje, sowat-bilim taýdan garyplygy göz öňünde tutýaryn.
Bu babatda az zat bilen kanagat etjek bolma, maglumat goruňy baýlaşdyrmak islegine we zähmetine asla ýaltalyk etme. Küti-küti kitaplaryň, žurnallaryň, gazetleriň, internet sahypalarynyň içine siň, guwwas deýin çüm, dür tapman hem yzyňa dolanma.
Seniň maglumat goruňy, ylym-bilimiňi baýlaşdyrjak zatlara yhlas bilen çemeleş. Şonuň bilen birlikde öz ummasyz pikirleriňi, düşünjeleriňi, ylhamlaryňy hem belläp al.
Şeýle adamlar bilen söhbetdeş bolanymda,
olar köplenç maňa synaga giren we ýylandan başga hiç zat hakda bilmeýän talybyň gününi ýadyma salýar. Ol talypda ýylanlar hakda baý maglumat gory toplanypdyr, ýöne durmuşmeselesi diňe ýylanlaryň kesgitlemesi bilen
çözülmeýär.
Synagda oňa piller hakyndaky sorag düşüpdir. Mugallym pili ilik-düwme, gowy edip suratlandyrmagy haýyş edipdir.Talyp uzak wagtlap pikire çümüpdir, beýnisine agram salyp pikir edipdir, ahyry şeýle jogap beripdir:
“Pil örän äpet haýwan, onuň uzyn holtumy
bar. Piliň bu holtumy uly ýylanlary ýadyňa
salýar. Ýylan bu...”. Soňra ol ýylanlar hakda
bilýän bar zadyny jikme-jik gürrüň beripdir.
Ine, şu talyp aň-düşünje misginlerine
meňzeýär. Olar nämedir bir zat hakda bir
habar ýa maglumat eşidýärler, oňýarlar. Şol
maglumat hakda pikirlenjek, oýlanjak, ol
hakda täze zatlary biljek, öwrenjek bolanok.
Täze maglumatlary we pikirleri gözlänok,
şeýdibem düşünjesi dar çygyrda
galyberýär.Şeýle adamlar bilen söhbetdeş
bolanyňda hem kyn güne galýaň. Käteler
özüňşolaryň derejesine çenli peseläýmeseň, olar bilen düşünişip ýa-da düşündirip biljek
gümanyň ýok. Olaryň düşünje meýdany şeýle bir dar welin, hatda ol ýere täze maglumat sygjaga hem meňzänok. Ilki bilen düşünje örüsini, meýdanyny giňeltmeli. Olar tankydy dagyn asla kabul edenoklar. Özüne aýdylýan bellikleri hem bilgeşleýin edilýän hüjümlere deňeýärler. Gaýta, özgeleri düşünjesizlikde, durmuşdan yzagalaklykda aýyplaýarlar. Kellesini gyzdyryp, sesine bat berip, gürleýärler welin, hamana ähli zatda hakly bir özi ýaly. Durmuşy goh bilen gazanjak bolýarlar.
Kerim Aş-Şazili