nabat_
02.02.2024 22:14
Söýgi hem aýralyk (tymsal)

Beýik uçutda Söýgi bilen Aýralyk aşyk-magşuklaryň söhbedine diň salyp durdular. Aýralyk Söýgä bakyp:
— Gel, jedel edeli, men bularyň aýrylyşmagyna sebäp bolaryn — diýipdir. Onda Söýgi:
— Garaş, men bularyň ýanyna baryp, ahwallaryny göreýin, kalplaryna yşk muhabbetini çaýaýyn. Eger duýgulary hakyky bolsa, sen bulary hiç haçan hem aýra salyp bilmersiň — diýip, jogap beripdir.
Aýralyk Söýgi bilen ylalaşypdyr. Söýgi ýaşlaryň ýanyna barypdyr-da, olaryň gözlerine mähir bilen seredip, ýürek sesini diňläpdir. Ýaşlaryň kalby süýgüden, bir-birine hormatdan pürepürdi. Söýgi bularyň başyna elini degripdir-de, arzuwlaryň iň gowularyny bagyş edipdir. Soňra Aýralyga:
— Indi seniň gezegiň, bar-da synanyşyp gör — diýipdir.
Aýralyk:
— Ýok bu wagt däl. Häzir olaryň ýüregi söýgüden doly. Men ara salym salyp, soň olaryň ýanyna bararyn — diýipdir.
Birnäçe wagt geçipdir. Ýaşlar toý tutup, täze durmuş gurupdyrlar. Bir gün aýralyk bularyň öýüne gelipdir welin, gelniň elinde ak posalajyk bäbejik barmyş. Gelniň ýanýoldaşy bolsa, durmuşyndan müňde bir razy bolup, maşgalasyna hormat bilen seredýärmiş. Aýralyk muny görüpdir-de: «soň bir gün gelerin» diýip ötägidipdir.
Ýene birzaman geçensoň, aýralyk bularyň penjiresinden seredipdir. Aýralyk: «Bu gezek men bulary aýrylyşdyryp bilerin. Çünki bularyň kalbyndan söýgi bilen hormat aýrylan bolsa gerek» diýip pikir edipdir-de, olaryň öýüne giripdir. Öýde çagalaryny daşyna üýşürip oturan gelin olara erteki aýdyp berýärdi. Işinden ýadaw gelen ýanýoldaşy bolsa, hol aňyrrakda olary synlap ýekelikde otyrdy. Aýralyk onuň gözlerine seredipdir welin, ýagty geljege ynam görüpdir. Bu gezek hem piriminiň başa barmajagyna düşünen aýralyk öýden bialaç çykyp gitmeli bolupdyr.
Aradan ençe ýyl geçipdir. Aýralyk: «Indi bularyň söýgüsi-de, hormaty-da, ynamy-da ötüşen bolsa gerek» diýip, olara «myhmançylyga» barypdyr. Görse, ýaşuly maşgalabaşydyr mährem ene agtyklary bilen gülşüp otyr. Aýralyk olaryň gözlerine bakypdyr-da, şatlyk bilen bagtyýarlyk görüpdir. «Men gijräk gelerin, bu wagt men bulary aýrylyşdyryp bilmerin» diýip, ýene gaýtmaly bolupdyr. Günlerde bir gün aýralyk gelip, ýene olaryň gözlerine bakypdyr. Bu gezek ol bularyň gözlerinde bagtyýar döwran sürendikleri üçin bir-birege minnetdarlyk görüpdir we söýginiň, hormatyň, ynamyň, bagtyýarlygyň hem-de minnetdarlygyň bolan ýerinde aýralyk hiç haçan öz hökümini ýöredip bilmejekdigine düşünipdir.

Taýýarlan Gözel KULDAŞEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
37
102
myrataly_
3 Fewral 2024
@nabat_, Gozel Kuldaşewa
nabat_
3 Fewral 2024
@myrataly_, haýsy gyzy🤔
myrataly_
3 Fewral 2024
Bahh bu gyzy men tanamokla🤔
kamil
2 Fewral 2024
Waow
möjek_daýy🐺
2 Fewral 2024
Gaty gowy tymsal 👍
möjek_daýy🐺
2 Fewral 2024
Menem manlayyma shulanky yaly bagt yazan bolsun allajan🤲🙏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.