ilhano_va
02.02.2024 20:15
Gözüñ garasynda dörände goşgy,
Agyndaky gyzyl ýoda ýol ýasap,
Gözüñe ilmejek täsin bir keşbi,
Sypatyny berseñ şolam bir hasap.

Görýän damjalaryñ molekulasyn
Galamyñ ujunda sesini berseñ.
Ýazsañ!
Tebigata siñen her zady,
Ownuk herekete ünsüñi berseñ!
Hemem şonda görüp bilseñ!
Bar jady...

Hanha, surat çekýär şahyr gyzymyz!
Şygyra siñdirýär ähli renkleri.
Hanha, şygyr ýazýar suratkeşimiz!
Şygyra siñen reñke, reñk berip...

Şygyr- tebigatyñ özi ahyryn!
Görýäñ ony janly-jandar, bagda-da,
Dagda-da, düzde-de, tutuş Älemde.
Öñüñden çykýan her bir adamda,
Duşup bolýar,
Wagt ädim ädende...

Gaýgy-da duş gelýäñ,
Umman deý joşýar,
Şol umman setirden
Birje bent gaçýar...

Gözleýäñ birje söz, üýtgeşik sözi,
Duşýañ bir bedende bir goşgyñ özi...
Olam şatlyk paýlap ýören çaga-da,
(Olaryñ aladasyz çagy-da...)
...Şygyry görmersiñ özi gelinçä,
Duýmarsyñ, üstünden basýançañ Adam!
Ummanyñ içinden suw gözläp-gözläp,
Deñiñden geçirip galýansyñ azdan...

Remezan Mammetgurbanov
19
35
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.