ilhano_va
02.02.2024 11:05
Çala eşdip, çatma gurýarka güňler,
Düýşlemde döredip bir gerçek keşbi.
Tesbiň dänesi deý tirkeşen günler,
Ýagmazak bulut deý ahmyrly geçdi.

Söz açmadym içim gemren ýaradan,
Topraga öýkünip – içim hümledip.
Maňa menden belet beýik Ýaradan,
Neçüýn meni ýaratdyka düňle edip?

Ak ýollarda jylaw çekmän gowzaýyn,
Indi, meni mundan artyk egleme.
Gözüm ýumsam – ýolum baglar öwzaýym,
Nirä baksam x, y – deňleme.

Ak daňlaryň ak alnyna baglaryn,
Gün çogunda mäjum bolan öýmäni.
Orta ýolda yza bakyp aglaryn,
Soňky ýolda öwrenerin söýmäni

Sungat Gurbangeldiyew
21
49
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.