möjek_daýy🐺
02.02.2024 08:54
Älemgoşaryň biziň görýän ýedi reňklilerimizden tapawutlylykda ak, tegelek, gijesine peýda bolýan görnüşleri hem bolýar. Güýçli suw akymynyň bugarmagy netijesinde üstünde hemişe diýen ýaly älemgoşar peýda bolýan şaglawuklar hem bar.

Bir ruçka bilen 56 kilometr çyzyk çyzyp bolýar.

Balarylar 100 gram bal ýygnamak üçin 46 müň kilometr ýol geçmeli bolýarlar. Ary 0,03 sekuntda bir gezek ganat kakýar.

Agramy 90 kilograma barabar bolan kengurular 9 metrden gowrak aralyga böküp bilýärler.

Pyşbagalar haýal ösýärler we uzak ýaşaýarlar. Iň uzak ýaşan pyşbaga 189 ýyl ýaşap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdir.

Çölde ýaşaýan içýanyň bir görnüşiniň gözi görmeýär. Emma olar örän duýgur bolup, 10 km daşdaky awyň ululygyny we haýsy tarapa barýandygyny aňyp bilýärler.

zamanturkmenistan
55
72
möjek_daýy🐺
2 Fewral 2024
@flowers_, sps☺️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.