amanmyradowna_
02.02.2024 01:57
ZEHINIŇI HALAL ULAN

Ol örän owadandy, syratlydy, hemmeler bilen mylakatly gürleşerdi, ýylgyryp habar

gatardy.Günleriň birinde ýaşaýan ýeriniň

gabat garşysyndaky dükandan gök-bakja

önümlerini satyn almak üçin daşary çykdy.

Garry satyjy onuň diýýän gök önümlerini

çekip, ölçeşdirip, gaplap berdi we munuň

bahasy hökmünde ýigrimi dollarlyk puluny

aldy. Dollary gapjygyna saldy we birdenkä bir zada gözi kaklyşdy.

Satyjynyň öl elinde nähilidir bir syýa

ýokundysy bardy. Ol gaýtadan seredeninde şol syratly we sypaýy adamyň beren ýigrimi

dollaryndaky syýalaryň hem pozulandygyny

görüpdir. Içine güman gidipdir: “Bu galp

pulmyka? Özi ýasaýan-a däldir-dä...” —

diýipdir. Şol wagt ýigrimi dollar hem uly pul

ekeni. Satyjy uly iliň sylag-hormatyna eýe

bolan adamdan soramaga, oňa şübhesini

mälim etmäge çekinipdir. Ýöne bilesigelijiligi gününe goýmansoň, her zadyň anygyna-

şänigine ýetmek üçin polisiýa ýüz tutupdyr.

Polisiýa işgärleri haýran galypdyr: “Eger-de bu galp pul bolsa, onda ony ýasan adam örän zehinlidir, oýlap tapyjylygy, başarnygy üçin-ä sylaga mynasypdyr” — diýşipdirler.

Soňra deliller we şübheler esasynda onuň

öýüni barlamaga rugsatnama berilýär. Görlüp oturylsa, onuň öýüniň bir gizlin çüňkünde hakykatdan hem maliýe pullaryny galp ýasar ýaly stanok, abzal bar eken. Şeýle hem şol ýerde öz eli bilen çeken we aşagynda goluny hem goýan üç sany surat kartinasy bar eken.Bu adam hakykatdan-da sungat adamsy bolup çykypdyr. Edýän işlerine örän zehinli, oýlap tapyjylykly, döredijilikli çemeleşýän eken.

Hatda şol pullaryň suratyny hem eli bilen

çekýän ekeni. Eger-de ýaňky ýaly ýönekeý bir sebäp ýüze çykmadyk bolsa, onuň bu halyny hiç kim biljegem däl ekeni.


Emma kyssa munuň bilen tamamlananok.

Polisiýa işgärleri ýaňky abzaly we ol ýerdäki üç sany kartinany hem döwletiň haýryna

geçirýär. Kartinalar auksiona çykarylýar we üç suraty jemi 16.000 dollara satýarlar. Bu

ýagdaýy gören öý eýesi haýran galyp, essinden aýylýar, sebäbi ol ýigrimi dollarlyk bir kupýurany ýasamak üçin sarp edýän wagtynda şonuň ýaly bir kartinany çekýän eken.


Bu adam hakykatdan hem zehini, başarjaňlygy babatda aýratyn hormata, öwgä mynasyp adam, emma ol zehinini biderek zatlara sarp etdi. Halal ýol bilen has uly girdeji gazanmaga ýagdaýy, ukyby barka, onuň nä günlere düşüp ýörşüne serediň.

Bu etmişi dogrusynda sorag edilende, ol: “Men bu bolan zatlar üçin jeza çekmäge doly mynasyp. Çünki özgelerden öňürti men özümi, öz zehinimi taladym. Ony nädogry ýerde ulandym” — diýipdir.
30
45
amanmyradowna_
2 Fewral 2024
@myhman, Kerim Aş-Şazil "Atamyñ durmuş hakda aýtmadyk zatlary"
Tayler
2 Fewral 2024
Awtor?
amanmyradowna_
2 Fewral 2024
@flowers_, howa🙃
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.