nabat_
01.02.2024 09:50
Geografiýa barada iň gyzykly maglumatlar:

Gadymy grek dilinden terjime edilen “geografiýa” sözi – “ýeriň beýany” diýmekdir.

Amazon tokaýlary planetamyzy kislorod bilen baýlaşdyrmakda möhüm rol oýnaýar. Dünýädäki kislorodyň 20% -ini öndürýärler.

Stambul, geografiki taýdan dünýäniň iki böleginde, ýagny Aziýada we Ýewropada ýerleşýän ýeke-täk şäher.

Dünýäde haýsydyr bir döwlete degişli bolmadyk ýeke-täk ýer Antarktidadyr.

Rim adamzat taryhynda adam sany milliona ýeten ilkinji şäherdir.

Döwlet statusy bilen dünýäniň iň kiçi adasy Pitkern (Polineziýa). Onuň meýdany bary-ýogy 4,5 km².

Dünýädäki tokaýlaryň 25% -i Russiýanyň Sibirinde jemlenendir.

Watikan, anklaw döwleti bolmak bilen dünýäniň iň kiçi döwleti hasaplanýar. Onuň territoriýasy bary-ýogy 0,44 km².

Kanada Ýer şaryndaky ähli tebigy kölleriň 50% -den gowragyny öz içine alýar.

Şeýle hem Kanada 244,000 km-den gowrak kenar ýakasy boýunça dünýäde öňdeligi eýeleýär.

Ýuwaş ummany, suwuň göwrümi we göwrümi taýdan iň uly suw howdanydyr.

Baýkal kölünde süýji suwlaryň 20 göterimi jemlenendir.

Statistikalara görä, ömrüň iň ýokary dowamlylygy Andorrada, Ýaponiýada we Singapurda hasaba alnyp, ol hem 84 ýyldyr.

Derýalaryň hemmesi diýen ýaly Ekwatora tarap akýar. Diňe Nil derýasy tersine akýar.

Ak deňiz iň sowuk suwly suw howdany hasaplanýar.

Derýalaryň sany boýunça Kanada dünýäde öňdebaryjy hasaplanýar. Bu ýerde takmynan 4 million köl bar.

Demirgazyk polýusda hiç ýerde ýer görmersiňiz. 12 million km² ýüzýän buzuň üstünde ýerleşýär
🌏🌏🌏🌏
Pluton planetasynyň bir ýyly Ýeriň 247 ýylyna barabardyr.

Manhetten adasy indeýlerden 24 dollara satyn alnypdyr.

Biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylynyň 24-nji awgustynda Wezuwiýa wulkanynyň atylmasy bilen diňe bir hemmä belli Pompeý şäheri däl, eýsem, Gerkulandi we Stabiý şäherleri hem Ýeriň ýüzünden ýok bolupdyr.

Ýer ýüzüniň ilatynyň sany soňky 40 ýylda 3,1 milliard adam artypdyr.

Günbatar Awstraliýadaky Hilýer kölüniň näme üçin açyk gyzyl reňkdediginiň sebäbini henize – bu güne çenli bilip bilenoklar.

Ýer ýüzünde iň gurak ýer Antarktidanyň Gury jülgesi hasap edilýär. Ol ýerde indi iki million ýyl bäri hiç bir ygal ýagmandyr.

Afrika iň köp dilli yklym hasap edilýär. Afrikanyň ýaşaýjylary iki müňdenem gowrak dilde gepleşýärler. Olaryň arasynda iň kiçi dil bolan bilýa dilinde diňe 1998-nji ýylda Kamerun bilen Nigeriýanyň serhedinde ýaşaýan 87 ýaşly bir garry zenan gepleýär eken.

Gollandiýa bir wagtlar Niderlandlaryň welaýaty eken. Eýýäm XVI-XVIII asyrlarda Niderlandlaryň syýasy we ykdysady merkezi bolupdyr. Şondan bäri bu welaýatyň taryhy ýurduň umumy taryhy bilen şeýle bir gatyşyp gidipdir welin, indi Niderlandlar Gollandiýa diýlip atlandyrylyp başlapdyr.

Stambul iki yklymda ýerleşýän dünýäniň ýeke-täk şäheridir. 

Kanadadaky kölleriň sany dünýäniň ähli kölleriniň sanyndan hem köpdür.

Ýaponiýanyň 70 göterimi daglyk ýerlerdir.

Ýaponiýanyň oba-şäherleriniň köçeleriniň atlary ýokdur.

Ýaponiýa 3900 adadan durýandyr.

Indoneziýada 17508 ada bardyr.

Beýikligi 8000 metrden geçýän daglaryň 14-si Aziýada ýerleşýär.

Dünýäniň iň beýik dagy Gawaýlardaky Mauna-Kea dagydyr. Onuň beýikligi okeanyň düýbünden 10203 metrdir. Onuň 4205 metri deňiz derejesinden ýokarda, galan bölegi bolsa deňiz derejesinden aşakda ýerleşýär.

Amerikanyň  Birleşen Ştatlarynyň iň kiçi paýtagty Wermont ştatynyň paýtagty Monpelýe şäheridir. Onuň iki müňe golaý ýaşaýjysy bardyr.

Dünýäde iň ýelli ýer Antarktikadaky Wiktoriýa Ýeri hasaplanýar. Bu ýerde ýeliň tizligi sagatda 215 kilometre çenli ýetýär.

Ekwator çyzygy dünýäniň 13 ýurdunyň üstünden geçýär. Birleşen Milletler Guramasynyň uniwersiteti Tokioda ýerleşýär. Antarktikadaky Ueddel deňzi dünýädäki iň arassa deňiz hasaplanýar.

Günorta Amerika ýurtlarynyň arasynda diňe iki ýurduň — Boliwiýa bilen Paragwaýyň okeana çykalgasy ýokdur.

Amsterdam we Antwenpen şäherleriniň hersinde 26 ada bar. Sankt-Peterburgda 101, Wenesiýada 118 ada bar.

Çiliniň Atakama çöllüginde ýerleşýän Kalama şäherinde hiç wagt ýagyş ýagmaýar. Saud Arabystanynda ýekeje-de derýa ýokdur.

Ob derýasynyň 150 000 goşandy bardyr.

Nil derýasy dünýäde ekwatordan gözbaş alyp, aram klimata akýan ýeke-täk derýadyr. Beýleki derýalar onuň tersine akýarlar.
36
77
atakulyyewa_humay
1 Fewral 2024
Cilinin Atakama colunde 2010 njy yylda gar yagdy diyip habarda okapdym
atakulyyewa_humay
1 Fewral 2024
Ob deryasynyn bir yerde 15 000 diyip beryan yerem bar
alma___
1 Fewral 2024
Cowy maglumatlar
möjek_daýy🐺
1 Fewral 2024
👍👍👍 kopisini bilmeyadim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.