amanmyradowna_
29.01.2024 20:29
Öňi-ardy bilinmez

Ýomut, gökleň täsip edip özünden,

Çekdi goşun, öňi-ardy bilinmez.

Sygmaý çykdy deşti-Dahhan düzünden

Ýörän ýoly, gonan ýurdy bilinmez.


Garga salsa, tugun bile depişer,

Haýbatyndan daglar-daşlar gapyşar,

Öli turup, dirilere ýapyşar,

Arslany, tilkisi, gurdy bilinmez.


Üç müň naýzabazy bardyr nökerden,

Tört müň pildary bar gala ýykardan,

Teke, salyr ýöriş etse ýokardan,

Duşmanyň namardy, merdi bilinmez.


Ähli sünni namys edip gelerler,

Gala ýykyp, bagyn berbat kylarlar,

Döw çekerler, Ispyhany alarlar,

Bu kentleriň üçi, dördi bilinmez.


Magtymguly, Alynyňdyr bu meýdan, —

Ne iş tutar, görüň, bu Omar, Osman,

At deminden doldy zemin-u asman,

Horasanyň häki-gerdi bilinmez.
28
32
amanmyradowna_
30 Yanwar 2024
@flowers_, bardym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.