Fewral salamyny bermänkä, siziň ähliňize gyzgynjak salamy bermek bilen (mugtdyr, paýok paýlanan ýaly paýlaýan bezoçurt geliberiň)) "Ylham" studiýasynyň hödürlemeginde "Tanyşmak aýyp däl" Vip-virtual gepleşigimiziň 15-nji sanyna başlaýas. Gepleşigimiziň bu gezekki myhmany ady "Ajy" - özi süýji (ýalňyşan däldirin-ä, )) bolan agzamyz -
@Bitter myhmançylykda. Hoş geldiňiz.
Gysgajyk: Gepleşigiň hemaýatkäri "Ajysy bolmadygyň, süýjüsi bolmaz" konditer önümleri kärhanasy.
@mawy derrew ýanyndaka pyşyrdaýar "hemme gyzlaram süýji" diýip. Derrew goşulmasa bolmaz şulam.
Hany onda, ymykly ornaşan bolsaňyz, başlalyň.
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).
2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyzjyk... Näme üçin "Ajy" ?Jemi näçe nik ulandyňyz?
3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?
4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz/joraňyz kim?
5. Hakyky söýgiň bardygyna näçe % berýäňiz?
6."Iň söýgüli üçburçlyk" näme bolup biler? Ilkinji näme zat kelläňize geldi?
7. Daşary ýurtda bir gyzy 1 hepdäň içinde öňki söýgülisine 27müň sapar jaň (şo wagtyň özünde 12müň sany SMS iberen) edeni üçin tussag edipdirler. Özüňizi şol gyzyň ornunda goýmak nähili duýga elter?
8. Aýdaly, şu 3 ýerdenn birini saýlamaly bolsa Islandiýa, Grenlandiýa, Antraktida. Haýsy ýerde ýaşamagy saýlarsyňyz we näme sebäp?
9. Gaharyňyz gelip durka iň köp näçe wagt saklanyp bilersiňiz?
10. "Agyrmaýan kesel agyrýan keselden has beterdir" diýlipdir. Nähili pikiriňiz bar?
11. Ajy burç, ajy ýatlama, ajy sözler. Şu 3-sini bir sözlemde getirip sözlem düziň.
12. Size söýgüsini aýtman söýüp ýören näçe oglan bardyr diýip pikir edýäňiz?
13. Boş wagtyňyz nämeler bilen meşgul? Aşhana bilen araňyz nähili? Haýsy nahary bişirip bileňzok? (Köp bolsa-da çekinmän aýdyweriň))
14. Türk oglanlaryna nähili baha berýäňiz? Eger-de birden Turkiýä gitseňiz, ol ýerde biri duşdy, sizi ölermen söýdi. Sizem ony gowy gördüňiz. Şoňa durmuşa çykarsyňyzmy?
15. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?
16. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?
17. Goý, Siziň janyňyz sag, durmuşyňyz baldan datly bolsun. Söýüp hem söýlip ýaşaň! Saglykda görşeliň!