Ispaniýaly hünärmen Habi Alonso Lewerkuzeniň «Baýer» toparynyň tälimçiligini dowam etdirer. Ol bu kararyny ýakyn wagtda yglan eder.
Habi Alonsonyň «Baýer» bilen şertnamasy 2024-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär. Ýöne tälimçi ýene bir möwsüm klubda galmaga razy boldy.
Bu möwsümde «Baýer» Bundesligada ynam bilen öňdeligi eýeleýär we taryhyndaky ilkinji çempionlygyna ýakyn geldi. Mundan başga-da, lewerkuzenliler Germaniýanyň kubogynda we Ýewropa ligasynda üstünlikli çykyş edýärler. Klub Alonso bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýär. Tälimçiniň özi hem topar bilen işlemegi dowam etdirmäge taýýardyr we ýakyn wagtda täze şertnama gol çeker.