Bio_girl👩‍🔬💫
28.01.2024 15:49
Biler bolsaňyz....

✨️Ilat sany boýunça Germaniýa Ýewropada ikinji ýerde durýar – 82 million adam.

✨️Germaniýanyň birbada dokuz ýurt – Polşa, Awstriýa, Lýuksemburg, şeýle hem Fransiýa, Şweýsariýa, Belgiýa, Daniýa, Gollandiýa we Çehiýa bilen serhetleri bar.

✨️Dünýä reýtinginde Germaniýa adam ösüşi indeksinde (ýaşaýyş derejesi, saglyk, bilim we beýleki faktorlar bilen bilelikde) dördünji orunda durýar – öňde diňe Norwegiýa,

✨️Awstraliýa we Şweýsariýa bar.
1445-nji ýylda nemes Iogann Gutenberg / Иоганн Гуттенберг/ çaphana stanogy oýlap tapdy. Bu tehnologiýany döredilmegi kitaplary bütin dünýäde çap etmegine ýardam etdi.

✨️Bütin dünýäde 105 milliondan gowrak adam nemes dilinde gepleýärler.

✨️Germaniýada 30-dan gowrak şiwede bar, olar üç esasy görnüşe bölünýär –ýokary nemes, pes nemes we orta nemes. Tapawut şeýle bir uludyr welin, günortadaky nemesler demirgazykdaky nemeslere düşünip bilmeýärler.

✨️Bu ýurtdaky taksi sürüjileriniň köpüsi “Mersedes” awtoulaglaryny sürýär.

✨️Dünýäniň iň dar köçesi Germaniýanyň ,,Ройтлинген” şäherinde ýerleşýär. Ini bary-ýogy 31 santimetr,

✨️Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
“Fanta” içgisi 1940-njy ýylda Germaniýada tötänleýin ýüze çykdy.

✨️Germaniýada 400 töweregi haýwanat bagy bar, Germaniýada iň ulusy Berlin haýwanat bagydyr.

✨️Germaniýadaky ähli awtoulag ýollarynyň 65% -inde tizlik çäkleri ýok.
“Adidas” we “Puma” Germaniýada doglan Dassler doganlar tarapyndan esaslandyryldy.
40
126
gokgi
28 Yanwar 2024
🇩🇪👍🏼
möjek_daýy🐺
28 Yanwar 2024
👍👍👍
Akram_Beshimov
28 Yanwar 2024
Germaniýa 2030-njy ýyldan başlap öz ýurdunda maşyn ýaglaryny satmagyny gadagan eder 👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.