guwanch00
26.01.2024 12:39
Urup dursadyñ sen hassa ýüregim,
Söýgi bar diyerdim dünýä ýüzünde.
Menem öz söýgümi tapardym belki,
Ýagmyr ýagyp duran ajaýyp günde.

Urup dursadyñ sen hassa ýüregim,
Gysgajyk ömrüme etmän hyýanat,
Sorajakdym men bu takdyr ezelden,
Belki, pajygaly gözel muhabbet.

Urup dursadyñ sen hassa ýüregim,
Söýgülim elinden mäkäm tutardym,
Söýgä hem mähire zar bu dünýäniñ,
Barja köçesinden bile geçerdim.

Durmuşyñ , ýakynlaryñyzyñ gadryna ýetiñ
26
26
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.