sofii
25.01.2024 21:18

Dawa-jenjel, birek-birege düşünişmezlik (konflikt) we ony ýerlikli çözmek adamyň ýaşaýşynyň bütin dowamynda esasy meseleleriň biridir. Nirede ýüze çykanyna garamazdan, biz şol bir ,, Dawa-jenjeli nädip çözmeli ýa-da geljekde onuň bolmazlygyny nädip üpjün etmeli?" diýen soraga duçar bolýarys. Dawa-jenjeliň durmuşda düýpleýin bolmazlygyny gazanmak kyn mesele. Çünki iň berk we mähirli, birek-birege ynamly gatnaşyklaryň arasynda hem wagtal-wagtal dawa-jenjeliň ýüze çykmagy mümkin. Ýöne düşünişmezligiň, çaknyşmalaryň, dawa-jenjeliň öňüni almagyň oňaýly ýollaryny gözlemek zerur. Onuň üçin, ilkinji nobatda, özüňi medeniýetli alyp barmagy, sowatly geplemegi, daş-töweregiňdäkiler bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagy başarmalydyr. Meseläni çözmekde iki tarap hem birek-birege eglişilik etmegi, mesele çözmekde ikisiniň hem göwnünden turýan bir pikire gelmegi zerur.

Özüňizi jenaýatdan goramak, durmuşda gabat gelýän düşünişmezlikleriň we çaknyşmalaryň öňüni almak üçin aşakdaky kadalary berjaý etmek sizi köp kynçylyklardan halas eder we saglygyňyzy goramaga ýardam berer:

1. Gahar-gazapdan saklanyň. Meseläni (problemany) gaharlanman, akylly-başly, oýlanşykly düzmäge çalşyň.

2. Bolmadyk zady özüňize çekmäň. Kähalatlarda adam özünden oýlap bir mesele tapýar, özüne çekýär, özi gatyrganýar we şondanam dawa-jenjel döreýär. Henis bolmadyk zat üçin bolar diýip pikir etmeli däl. Öz kelläňde bolmadyk zatlardan zynjyr döredip, ony ösdürmek, oňa ynanyp başlamak we mesele döretmek özüňe hem söhbetdeşiň saglygyna uly zyýan ýetirýär. Şonuň üçin bolmadyk we bolmajak zatlary özüňize çekmäň.

3. Wagty dogry saýlap alyň. Köplenç, özara düşünişmezlige gepleşige söhbetdeşiň taýýar däl bolmagy hem sebäp bolýar. Eger-de siz söhbetdeşiňiziň şu gün gepleşige taýýar däldigini duýsaňyz, oňa sorag baryny berip, meseläni şu gün çözjek bolup oturmaň. Iň gowusy, howlukman, söhbetdeşiňiz gepleşige taýýar bolanda, ertesi gürrüňi dowam etdiräýiň.

4. Dawa-jenjeliň netijesini däl-de, sebäbini gözläň. Köp halatlarda adamlar dawa-jenjeliň netijesi bilen göreşmegi endik edinipdirler. Ýöne dawa-jenjele adamyň özüni alyp barşynyň oňa sebäp bolýandygyna seljerme bermegem islemeýärler. Düşünişmezlik ýüze çykanda oňa giňişleýin seljerme bermäge, meselä çuňňur düşünmäge, sebäbini anyklamaga we geljekde onuň ýüze çykmagyna ýol bermezlige çalşyň.

5. Meseleleri köpeltmäň. Halkyň arasynda ,,Meseläni öz ýerinde çözmeli" diýen aýtgy bar. Ol hakykat. Göwne degilmäni, gaýgy-gussany we jedelli pursatlary toplap köpeldip ýörmän, meseläni şol pursatda çözmäge we bir umumy pikire gelmäge çalşyň. Düşünişmezligi şol pursatda çözseňiz, özüňizde ýeňillik duýýarsyňyz, kalbyňyz arassalanar.

6. Göwne degilmäni gizläp saklamaň. Göwnüňe deglen bolsa, ony ýüregiňde gizläp saklamak, ar almak üçin her dürli ýaman işleri meýilleşdirmek adam bedenine zyýan ýetirýär, kesel döremegine eltýär. Eger-de sagdyn bolaýyn diýseňiz, her dürli jedelli ýagdaýlardan özüňizi parahat alyp çykmagy öwreniň.

7. Özara düşünişmezlik ýüze çykanda birek-biregi kemsitmäň. Birek-birek bilen düşünişmezlik ýüze çykanda söhbetdeşiňi kemsitmek gowy görülmeýän häsiýetleriň biridir. Söhbetdeşiňi kemsitmek öz gowşakdygyňy, dogry sözlemeýändigiňi, öz pikiriňi subut edip bilmeýändigiňi aňladýar. Söhbetdeşiňi kemsitmek ol meseläni çözmäge kömek etmän, täze tersleşikleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şonuň üçin birek-biregi kemsitmäň, söhbetdeşiňiz bilen hoşniýetli, mähirli, adamkärçilikli gatnaşyk saklamaga çalşyň.

8. Dawa-jenjelden, jenaýatçylykly işlerden daşda durjak bolsaňyz, öz sözleýşiňiziň äheňine üns beriň.
Biri bilen bir mesele boýunça gürrüňdeş bolnanda adamyň diňe bir sözleýän sözi däl-de, sözleýiş äheňi hem täsir edip biler. Şonuň üçin gürrüňdeşlikde sesiňi gataltmazlyga, gürrüňdeşiňe ýagşy söz aýtmaga çalyşmaly. Her bir işde başgalar bilen iş salşanyňyzda özüňizi ýanyňyzdaky ýoldaşyňyzyň ýerinde goýup görüň. Özüňize ýakmajak sözleri başgalara aýtmaň.

9. Özara düşünişmezlik, çaknyşmalar ýüze çykanda galmagal turuzmaň. Bir möhüm mesele ýüze çykanda ony şerraýlyk bilen çözjek bolmak, beýlekini basyp ýatyrmaga kömek edýän usul. Ol dawany bellibir wagt aralygynda goýdurmaga mümkinçilik berýär. Ýöne mesele çözülmän şol durşuna galýar. Islendik meseläni birek-birege düşünişip, parahat ýagdaýda çözmek iki tarap üçin hem amatly bolýar.
31
118
afgbnxd
26 Yanwar 2024
Men oykeleyanimi hatta bilenoklaram
afgbnxd
26 Yanwar 2024
Hakyky ruhy cokgunlige dushyanem...
afgbnxd
25 Yanwar 2024
6. Gowne degilmani gizlap saklayan, men govnume degselerem ar aljak bolammok, shondan oykelap gizlap gezyan shol dogrumy? Name etmeli?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.