Bio_girl👩‍🔬💫
25.01.2024 18:39

Dine inlis dili barada...


✨️Internet maglumatlaryna görä, dünýä boýunça ugradylýan poçtalaryň 75 göterimi, telefon jaňlarynyň 60 göterimi iňlis dilinde, 400 milliondan gowrak ýerli ilat iňlis dilinde gürleýär.


✨️Iňlis dili Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň, Täze Zelandiýanyň, Irlandiýanyň, Günorta Amerikanyň resmi dili we Kanadanyň resmi dilleriniň biri. Hindistanyň, Pakistanyň, Singapuryň we beýleki birnäçe ýurduň ikinji dili.


✨️Häzirki wagtda ýerli däl iňlis dilinde gürleýänleriň sany 1,5 milliard töweregidir. Munuň özi iňlis diliniň, hakykatdan-da, dünýäde giňden ulanylýan dile öwrülýändigini görkezýär.


✨️Iňlis we amerikan şiweleri dünýäde iň köp ýaýran şiwelerdir. Bu şiweleriň ýene-de ýigrimiden gowragy bar. Bu ýerde ünsüňi çekýän zat, şol bir dili ulanýandyklaryna garamazdan, dürli şiwelerde gürleýän adamlaryň biri-birine düşünip bilmeýän pursatlary az däl.


✨️Iňlis dilinde gürleýänler, çaklamalara görä, XV asyra çenli dyngy belgilerini ulanmandyrlar.


✨️Iňlis dili dünýäde iň meşhur we öwrenilmäge uly höwes bildirilýän dildir. Iňlis dili dünýäde meşhur dilleriň sanawynda üçünji ýerde durýar.


✨️Iňlis dili internetiň dili hasaplanýar. Internet maglumatlarynyň 80 göterimi iňlis dilindedir.

Iňlis diliniň sözlerinde «e» iň köp duşýan harpdyr. Eger ähli iňlis sözlerini hasaba alsaň, onuň 11 göterimini «e» harpy eýeleýär.


#Ashgabat innovative...

51
225
ATOMIC
28 Yanwar 2024
American iñlisçe has peýdalymyka diýýän:) sebäbi dollaryň ýurdy amerika dilem has owadan görýän beýlekiden
blue_sky
28 Yanwar 2024
Inlis dili 3nji yerde duryan bolsa 1nji 2nji yerde haysy diller durya?
jeyhoo
26 Yanwar 2024
@tim_, Bizde 2nji dereja cykdy 2010yyldan konsepsiya kabul edildi. Mekdepde rus dila seredende inlis dili sagat kop okalya. Yone dine inlis dilinde 1nji synpdan okayan mekdep entak yok.
wise
26 Yanwar 2024
@nabat_, salam.hawa şolar ýaly amerikanlaň gürleýşi çalt britanlaňky bolsa gramatikaly ylmy dil bolup gidýär
nabat_
25 Yanwar 2024
@tim_, mekdeplerdede diñe britan okadylýa dämi bize şey diyipdiler:))
nabat_
25 Yanwar 2024
@tim_, dogrymy onda meñ pikirim🤔😊
nabat_
25 Yanwar 2024
@tim_, ine çala yadyma düsdi kursdaky zadlar :amerikanlañ gurleyşi iñlislere garamyzda añsatlaşdyrylan meselem: "beautiful" sözini amerikanlar{býuriful} -diyp aýtya iñlisler bolsa{byutifil} men yalñyşmayan bolsam mollumymyz bize şey dip aytdy anyk bilemmok yone🤦‍♀️🙆‍♀️}
nabat_
25 Yanwar 2024
@tim_, hawa🤔
nabat_
25 Yanwar 2024
@tim_, ýok
nabat_
25 Yanwar 2024
🤦‍♀️🙆‍♀️🙆‍♀️gerek yerinne yada duşäymez şo zadlaram🤦‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.