nabat_
25.01.2024 15:22

Amerikadaky „Kanzas” uniwersitetiniň sungat eserleri muzeýinde şeýleräk tejribe geçirilipdir. Ýagny diwaryň reňkini ak we mele reňklere üýtgedip bolar ýaly sazlapdyrlar. Diwaryň reňki ak bolanda adamlar muzeýiň içinde ýuwaş hereket edipdirler.



Olar muzeýiň içinde uzak wagt bolup, köp ýerini aýlanyp görüpdirler. Diwaryň reňki mele edilende bolsa, adamlar muzeýiň içinde tiz hereket edip, has az ýerini aýlanyp görüpdirler hem-de tizräk muzeýden çykmak bilen bolupdyrlar. Şonuň üçin hem dünýäde tiztagam restoranlarynyň hemmesiniň oturgyçlary mele reňkde, diwarlarynyň reňki hem mele-gülgüne garyşan reňkde bolýar. Tiztagam ýerleriniň hiç haýsysynyň diwary ak reňkde bolmaýar




Mele reňk şol bir wagtyň özünde rahat reňk hökmünde kabul edilýär, ýagny adamlaryň özlerini rahat alyp barmaklaryna täsir edýär. Mysal üçin, adamlary arkaýynlyk bilen gürletmegi başarýan meşhur alypbaryjy Larry Kingi telewizorda her gezek mele penjekli, mele galstukly görmek bolýardy.


 

Mele reňk topragyň reňkidir, mele reňkde geýnen adam beýlekileriň ünsüni özüne çekip bilmeýär. Şonuň üçinem şereketlere iş gürleşmäge baranyňyzda ýa-da işewürleriň ýygnagyna gatnaşanyňyzda mele reňkde geýinmäň.


 

Gyzyl reňk işdäňi açýar. Üns berseňiz, dünýä belli iýmit firmalarynyň hemmesiniň logosy gyzyl reňkdedir. Muňa mysal hökmünde “Koka Kola”, “Ülker”, “Burger King” ýa-da şulara meňzeş ýüzlerçe firmalary görkezmek bolar. Gyzyl reňk gan basyşyny ýokarlandyryp, damarlarda ganyň aýlanyşygyny tizleşdirýär.


 

Öküzler näme üçin gyzyl reňk görse topulýarlar?” diýip soraýarlar. Maýmynlardan başga ähli haýwanlar diýen ýaly ak-gara görýärler. Ýagny öküzler hem reňk saýgarmaýarlar. Olar gyzyl reňke däl-de, özlerine topulan goýy reňkli mata garşy topulýarlar (Bu ýerde Ispaniýadaky geçirilýän oýun hakda gürrüň edilýär.)


 

Ýaşyl reňk adama ynam berýär. Şonuň üçin banklaryň logolarynda iň köp ulanylýan iki reňkiň biri ýaşyldyr. Ýatyş otagy üçin ýaşyl reňk rahatlandyryjy bolýar. Ýaşyl reňk täze pikirleri oýlap tapmaga ýardam edýär. Aşpezleriň oýlap tapyjylygyny güýçlendirmek üçin günbatar ýurtlarynda myhmanhanalaryň aşhanasynyň diwarlaryny ýaşyl reňke boýaýan ekenler. Hassahanalar hem logosynda we binanyň içini bezemekde ýaşyl reňki ulanýarlar. Sebäbi ýaşyl reňkiň rahatlandyryjy häsiýeti bar, şol bir wagtyň özünde tebigaty iň köp ýatladýan ýaşyl reňkdir. Alymlar ýaşyl ýerlerde adamlarda aşgazan agyrysy has az bolýandygyny ýüze çykarypdyrlar.


 

Gara reňk güýji we hyjuwy aňladýar. Gara reňk köp ýurtlarda matamyň nyşany hökmünde ulanylsa, Ýaponiýada şatlygyň nyşany hökmünde ulanylýar.


 

Gök reňk gan basyşyny peseldýär. Onuň rahatlandyryjy, ýuwaşladyjy häsiýeti bar. Amerikada geçirilen bir tejribede mekdebiň ak we pyrtykal reňkdäki diwarlaryny gök reňke boýapdyrlar. Şondan soňra çagalaryň bezzatlygynyň azalandygyna göz ýetiripdirler.


 

Gök, esasan hem goýy gök soňsuzlygy, abraýy we öndümliligi ýatladýar. Şol sebäpden dünýädäki firmalaryň ýarysyndan gowragy logolarynda gök reňki ulanýarlar.


 

Gülgüne reňkli eşik geýen adama hyzmatlary üçin pul tölämizde özümizi has arkaýyn duýýandygymyzy alymlar ýüze çykarypdyrlar. Angliýada „Buts”, „Marks and Spensers” ýaly uly söwda merkezlerinde hyzmat edýän işgärleriň ählisi gülgüne reňkli köýnek geýýärler.


 

Sary reňk wagtlaýynlygy we ünsi çekijiligi aňladýar. Şonuň üçin hem bütin dünýäde taksileriň reňki sarydyr. Ünsi çeksin hem-de wagtlaýyndygy bilinsin diýip şeýdýärler. Maşynlary kireýine berýän firmalaryň logolary hem sary bolýar. Olar sary reňkiň üsti bilen „Wagtlaýynçadyr, yzyna getirmegi unutmaň!” diýmekçi bolýar. Şol sebäpden dünýädäki banklaryň hiç haýsysy logosynda adaty sary reňki ulanmaýar. Sebäbi puluň wagtlaýyn däl, hemişelik bolmagyny isleýärler.


 

Ak reňk durnuklylygy, dowamlylygy we tämizligi aňladýar (ýada salýar).


 

Ynha, reňkleriň täsiri barada gysgajyk maglumatlar şulardan ybarat


⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐



Reňkleri anyk saýgaryp bilmeýän adamlar adaty görüş ukyply adamlara garanyňda, gije has gowy görýärler.
* * * 
Gök reňk dünýädäki iň gowy görülýän reňkleriň biridir. Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň, takmynan, 40 göterimi bu reňki beýlekilerden has gowy görýärler. 
* * * 
Gök reňk ynsan zehinini durlaýar, ýürek urgusyny haýalladýar, gan basyşyny peseldýär we gorkusyny azaldýar. 
* * * 
Bäbekleriň ilkinji saýgar­ ýan reňki gyzyldyr. Geçirilen barlaglar eýýäm iki hepdelik bäbejigiň gyzyl reňki saý­ garyp bilýändigini görkezdi. Sebäbi bu reňk ynsan aňyna beýleki reňklere görä has ýiti täsir edýär. 
* * * 
Adatça, bir adam bir million reňki biri-birinden saýgaryp bilýär. Has zehinli adamlaryň bolsa, bir ýarym milliona çenli reňkleri tanap bilýändiklerini ylym tassyklady. 
* * * 
Gülgüne reňk adamy rahatlandyrýar. Hytaýyň Feng Şui pelsepe akymyna görä, gülgü­ ne reňk ynsanda döreýän dürli energiýany kadalaşdyrýar. Ol sada reňk hasaplanylýar. 
* * * 
Gyzyl we sary lezzet beriji reňkler hasaplanylýar. McDonald’s, KFC we Burger King ýaly tiz tagam kompaniýalarynyň nyşanlarynda bu iki reňkiň haýsy hem bolsa biriniň ulanylmagynyň düýp sebäbi hem şundandyr. 
* * * 
Barlaglara görä, çagakak tomaşa eden teleýaýlymlarymyzyň reňkli ýa-da reňksiz bolmagy düýşümize-de täsirini ýetirýär. Çagalygynda akgara reňkli ýaýlymlara tomaşa eden ýaşuly adamlaryň düý­ şünde esasan, belli bir reňk ýokdur. 
* * * 
Eger kompýuteriňiziň ekranyndaky suratda ýaşyl reňk kän bolsa, bu siziň dogry suraty saýlap alandygyňyzy görkezýär. Sebäbi ýaşyl reňk rahatlandyrýar, ol gözi asla ýadadanok diýen ýalydyr. 
* * * 
Eger gije çybyn-çirkeý rahatlygyňyzy bozýan bolsa, açyk reňkli geýim geýniň! Çünki olaryň «jyny» goýy reňklere düşýär.


BELLIK: Makala "Türkmen gündogary" gazetiniň 2019-njy ýylyň 6-njy iýunyndaky sanyndan alyndy.



bunuda belirtmek isterim maña şu kodlary öwreden hemem tanidigim günden beri haýrany oldugum kişä köp köp minnetdarlyk bildiryärin işiñizde üstinlik🥰😊🤗🙃😇bu arada siz çok özel birisiniz🥰😊
39
216
nabat_
25 Yanwar 2024
@lawyer, imo ulanammoga.borla😊
tmyigit76
25 Yanwar 2024
:⁠-⁠) 👍🏻👍🏻
senorita
25 Yanwar 2024
@sazsoft, õwrenme ýazma diýemok. Teswir posta õz pikiriñi ýazmak ũçin bar, menem ýazdym
sazsoft
25 Yanwar 2024
@senorita, Hawa, ýöne ol şeýle düşündi. "Indi etmerin" diýdi :) Ýok, öwrensin, belki, gowy Frontend Developer bolar geljekde?! 👩‍💻
senorita
25 Yanwar 2024
@sazsoft, men ýazma diýmedim ahyryn, diñe okamaga kynçylyk dõretýãnini aýtdym )
sazsoft
25 Yanwar 2024
@senorita, Ösüp barýan çagaň umydyny söndürme! :)) Hawa, ýöne tema reňkler hakda eken, hersiniň maglumatyny öz reňkinde goýany gowy bolupdyr.
nabat_
25 Yanwar 2024
@senorita, aydanyñyz ucin sagboluñ :))inni edmerinle 1nji gezek bolansoñ barlap görmek isledim🙈
senorita
25 Yanwar 2024
Dogry owadan bolýar, ýõne okamak ũçin amatly dãl reñkli ýazgylar
sazsoft
25 Yanwar 2024
@nabat_, Hawa, diňe HTML däl, ol ýerde CSS, jаvascript zadam bar, Python eýleki-beýlekiler hem bar. Garaz, köp zat öwrenip bolar, düşündirişi ýeňil, hem şol ýerde kody barlap bolýar. :?
sazsoft
25 Yanwar 2024
@gunesh_, Öwrenip bolýan ýer, soragyňyza jogap :)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.