garlawac
25.01.2024 10:50
Käwagt özüme we bolýanlara düşünmeýänligim "Bu menmi?" soragyny özüme bererlik nokada getirýär...

Durmuşyma girmek, ýanymda bolmak isleýänleri "soňy ýok araçäklere" salýan we ýene-de ýalňyzlygymdan durmuşa şikaýat edýän...

"Seni söýýän" sözlerden şeýlebir ýadaýan. Ýöne söýüp-söýülmekde tabagyma düşeni diş köwügini dolduryp bilmejek mukdarda azlygyny düşündirip bilmeýän...

Käwagt maňa degişli bolmadyk adamy, özüne degişli adamlardan gysganmak duýgysyny geçirýän.. .

Açlygymdan halsyz ýagdaýda bolýan, ýöne hiç zady işdäm almaýar. Köpçülikde(ol köpçüligi düşündirmegime ýekeje söz azlyk edýär: ,,turmaga ýer tapyp bilmeýän köpçüligimde") özümi hiç kimsiz duýýan...

Gün-günden adamlara düşünmäm kynlaşýar. ,,Bu başgalardan tapawutly..." diýen ynsanym, gysga wagtyň içinde "hemmeleşýär". Ýüregimde gülzarlyk döretmegi üçin iň gowy ýeri bagş eden kişim, özini garaňky tussaglykda galmagy laýyk görýär...

Meni iň köp: onda dynç almagym üçin barýan adamlarym ýadatýar...
,,Iň ýakynym" diýýän kişime içimi dökmegi, söýmegi we söýen bu göwnümiň döwüklerini birleşdirmegini isleýän. Emma öňkiden has köpräk zeper ýeten göwnüm bilen yzyma dolanmaga mejbur bolýan...
Göwnümiň döwüklerini birleşdirmek islänimde her gezek bir bölek kemlik edýär. Näçe synanyşyklardan soň hem netije şol bir zat. Ol kemligi edil ,,puzzle" oýnundaky ýaly hiç bir bölek bilen dolduryp bilmeýän...

Bagtlylykdan asmana uçaýjak adamlary görenimde, edil kiçijik çaga ýaly: "Maňa-da" diýip durmuşdan bagt talap edip aglasym gelýär...
Başgalara: "Meni menden gowy tanaýan adam" diýip tanyşdyrarlyk ynsanymyň bolmagyny isleýän durmuşymda. Synamak üçin "durmuşyndan çykyp gitmek" oýnuny oýnanymda, hat-da gidenimiň parhyna baryp bilmän, onuň dünýäsinde kiçijik orun tutýanymy ýatladyp, bu oýnuň hakykata öwrülmegine goşant goşýan adamlary däl-de, ýitirmekden gorkýan, hakyky söýgini ýasamadan tapawutlandyryp bilýän adam isleýän....we "Gowymyň?" diýen soraga "Gowy" diýip nähili gowy bolunýan bolsa, şol "Gowulardan" şonça-da uzakda bolmak isleýän!..

Abat Aşyrgeldiýewa (@sunshine_lady)
35
181
Abat_
1 Fewral 2024
@garlawac_, konu sen olunca hak hakkında konuşulmaz:)
sazsoft
1 Fewral 2024
@garlawac_, *rugsadyňyz bolmazdan
Abat_
1 Fewral 2024
@garlawac_, hawa uns berdim, türkçelejek bolan ýerlerimi, şol bir söz ulanan ýerlerimi düzedipsiň. Gaty görmedim, tersine begendim:)
Abat_
1 Fewral 2024
@sazsoft, minnetdar:)
Abat_
1 Fewral 2024
Sevindim buna😍
kamil
31 Yanwar 2024
Wah görgüli 😐
sazsoft
27 Yanwar 2024
«Gün-günden adamlara düşünmäm kynlaşýar. ,,Bu başgalardan tapawutly..." diýen ynsanym, gysga wagtyň içinde "hemmeleşýär". Ýüregimde gülzarlyk döretmegi üçin iň gowy ýeri bagyş eden kişim, özüni garaňky tussaglykda galmagy laýyk görýär...» 😥👏🏻
sazsoft
25 Yanwar 2024
Soňy ýok söýgi berip biljek biri bolsa, ýalňyzlygyndan nam-nyşan goýmaryn 😊
sazsoft
25 Yanwar 2024
💜💗
guwanch00
25 Yanwar 2024
Muny ozun yazdynmy Abat. Şeyle bolsa mlds saña. Boyle devam👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.