Dünýä belli milliader Ilon Maskyñ Starlink maksatnamasyny bilýänsiñiz.Bütindünýäni emeli hemralar we ýokary internet bilen üpjün etmek.23 sany emeli hemralar uçurylanda Afrika döwletleriniñ başgada köp döwletleriñ añ düşünjesi pesräk milletleriñ adamlary ol emeli hemralara ýyldyzlardyr öýdüp olara dileg etdiler haýran galmakdan ýaña gözlerini aýyrman oña seretdiler.Görýäñizmi adamlaryñ tapawudyny zehinli ynsanlaryñ döredýän zatlary adaty ynsanlara gudrat ýaly görünýär.Üstünligiñ iñ beýik syry bilýäñizmi näme:ol syr hiç kimiñ kellesine gelmejek zady oýlap tapmak,hiç kimiñ ynanmaýan zadyna ynanmak,hiç kimiñ islemeýän maksat etmeýän zatlaryny islemek maksat etmek,hiç kimde ýok başarnyklygy görkezmek hiç kime gulak asman diñe öñe gitmeklikdir.Dünýäni özgertmek üçin ilki özüñi özgertmek gerek,şol bir hereketleri edip başga netijelere garaşmak bu akmaklykdyr.Ilon Maskyñ üstünligi bu onuñ 5 ýaşynda Mars platenasyny görüp şoña barmagy arzuw edenligi we şoña ynananlygy dyr.Ählimizde mümkinçilik el aýak beýni bar günde-de 24 sagat wagt bar siziñ şu günki günüñiz geljegiñizi emele getirýär.Diýmek özüñizi özgertdirmek isleseñiz şu günden başlañ beýik maksat goýup oña ýetmek üçin kiçijek gadamlar ädiñ deñiziñ giñliginiñ syry bu ownujak derýalardan boýun gaçyrmaýanlygyndadyr,Daşy damja däl-de olaryñ yzygiderligi deşýändir.Kimde kim şu gün özgermese hiç haçan hem özgermez.Özgermek we özgermezlik özüñize siziñ pikiriñize bagly.Ýalñyz otyryp özüñiz hakda pikir ediñ!!!