Dälihanada bir owadam oglan elmydama sessiz otyrardy. Ondan nädip däli bolup galanyny soradym. Dogrymy aýtsam beren sowalymdan özüm hem utandym. Emma ol ýuwaşlyk bilen gürrüňe başlady:
-Men näçe ýyl oň 20 ýaşymda 39 ýaşly aýala öýlendim. Aýalymyň 20 ýaşly gyzynardy. Gyzynyň äri ýokdy. Meniň kakam 43 ýaşda bolup aýalymyň gyzyna öýlendi. Ýagny kakam aýalyma giýew boldy. Başga tarapdan aýalymyň gyzy maňa öweý eje boldy we bir ogul dogurdy. Maňa jigi, aýalyma agtyk boldy. Netijede men jigimiň atasy boldum. Ýyllar geçip aýalym hem bir ogul dogurdy. Kakamyň aýaly üçin jigi. Kakam meniň ogluma ata boldy. Ýagny meniň oglum enesiniň jigisi boldy. Bir tarapdan aýalymyň gyzy meniň öweý ejem ogluma gyz dogan boldy. Hemmesinden gorkunçlysy men ogluma ýegen boldum. Aýdyň men däli bolman kim däli bolsun!!!))