shem
23.01.2024 22:09
,, Döwletjan Ýagşymyradow\"

Döwletjen Ýagşymyradow 1989-nji ýylyň maý aýynyň 22-inde Lebap welaýatyňyn Türkmenabat şäherinde ýagny ,, Çärjow" diýip tanalýan şäherde Serdarabat etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň Hojameresen obasynda eneden bolýar. Döwletjan Ýagşymyradow Türkmen MMA türgeni we sambo ussadydyr. Ol Ahmet we Bürgüt MMA turniriniň çempiony.
Döwletjan Ýagşymyradow ilki karate bilen 8 ýyl meşgullanýar we Jorakuly Joraýewden tälim alýar.Karateden başga-da Türkmenabat şäherinde kikboks bilen hem meşgullanypdyr.
Döwletjan Ýagşymyradow 2009-njy ýylda Ukrainanyň Harkowa şäherinde Milli ykdysadyýet uniwersitetine okuwa girýär.
Döwletjan Ýagşymyradow ring meýdanyna ilkinji gezek 2011-nji ýylda Çehiýaly Rudolf Kriş bilen başa-baş söweş alyp bardy.Ýöne bu söweş duýdansyz boldy, ýagny aslynda Çehiýaly garşydaş bilen söweşmeli bir ýagdaý sebäpli şikeslenýär we Döwletjan Ýagşymyradow bilen başa-baş söweşmeli bolýar, aslynda Döwletjan söweş üçin däl-de boý görmek üçin baran bolýar.
Döwletjan Ýagşymyradow diňe başa-baş söweş bilen meşgullanman eýsem, sportuň grepling, pankratoin, free-fight bilen hem meşgullanypdyr we çempion adyna eýe boldy.
Döwletjan Ýagşymyradowyň çykyş edýän topary ,,Kars" , çykyş edýän guramalary bolsa ,,ACB, Russiýa".
Döwletjan Ýagşymyradow ,,Kuruluş Osman" türk serialynda keşp janlandyrýar. Bu serialyň 97-nji bölüminde keşpi janlandyryp başlaýar.
Men Döwletjan Ýagşymyradowa başa-baş söweşlerinde we janlandyrýan keşbinde, işinde uly üstünlikleri arzuw etýän




..Sh.B..
19
114
shem
24 Yanwar 2024
@yalnyz, ynandym
mandarin
24 Yanwar 2024
@shem, 😌😌😌
shem
24 Yanwar 2024
@mandarin, 👍👍👍👍
mandarin
24 Yanwar 2024
Azady metjite gordim jummada bile durup namaz okadyk
biohimik
23 Yanwar 2024
👍
shem
23 Yanwar 2024
Minnetdar❤️👈un
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.