susom
21.01.2024 18:30
Rozy-maşgar şiwe1 eder tiliňden
Ryswalygyn budur seniň gybatkeş
Ömrüň ýele berme,azma ýoluňdan
Agyrtmagyl iliň-günüň gybatkeş


Bulut dek küýkerlip bark2 kimin gürlär
Gähi buzdan tagtlar, ataşdan öýler
Gatyr dek icýänler bugra dek möýler
Bedeniňden sorar ganyň gybatkeş


Halyň görüp purkan3 bolup aglarlar
Özüň syjjyn atly jaýda baglarlar
Tiliň cekip demir bilen daglarlar
Gara bolar sol gün yüzuň gybatkeş


Ýaman söz aýyrar ýagşy dostyňdan
Günahiň agramy basar üstüňden
Jähennem icinde tamug astynda
Peleklere cykar üýnüň gybatkeş

Magtymguly aýdar iliň gözünden
Düşüban hor bolsan görgül özüňden
Tiliňni cekmeseň haram sözüňden
Belli bibat bolar diniň gybatkeş


Şikwe-Şikaýat ,arz
Bark-Ýyldyrym
Purkan bolmak-bilip aňmaklyk
41
293
amanmyradowna_
22 Yanwar 2024
😂😂😂
gunesh_
22 Yanwar 2024
@mawy, görgüli 1-2 hepde bolsa-da begenip görsün. Bu progyň ömri uzak däl indi. Arzuwyna ýetdi welin gysga wagtlyk bolýa. 😆
manolya
22 Yanwar 2024
@gunesh_, ýok 😁nokatyna cenli dogry ,arzuwyna ýetdi
gunesh_
22 Yanwar 2024
@mawy, ýalan aýtdymmy?
manolya
22 Yanwar 2024
@gunesh_, 🫢
gunesh_
22 Yanwar 2024
@sun_light, senem ahyry arzuwyňa ýetipsiň. Dereje alyp bir ujundan kran bilen tekizläp çyk indi hemmesini. Işsizligi görkez bol, üstünlik. 😄👏
237i
22 Yanwar 2024
guyc9903@gmail.com@susom,
237i
22 Yanwar 2024
@susom, hmm sn nm dp soradn bellednmi mn gmail adresimi suna yazsam sn okayanmy gmailde🤔
237i
22 Yanwar 2024
@susom, bellediñmi sn nm dp giryan🤔
susom
22 Yanwar 2024
@237i, daa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.