Adamkärçiligiň derejesi hem ylmy derejäňden pes bolmaly däl.
Ýürek hem sagadyň togtaýşy ýaly togtaýar.
Sözüň gutaran ýerinden saz başlanýar.
Duşmanyň öz ajalyna ölenine gynanmaly.
Talapyňy gowşatdygyň, tanapyny gowşatdygyňdyr.
Ýer togalagynyň çat atandygyny bilýärmiň?
Dostlugam edil agaç ýaly şahalanmaly.
"Çepiňe ýatyp turan ýaly..." diýibersinler, oňat dynç aljak bolsaň, sagyňa-çepiňe öwrülip ýatmaly.
Edilmeýän ynamy ödäp bolanok.
Jenaýatçyny yzarlamak ýolbarsy yzarlamakdan hem howply.
Sögüşmek – uruşmaga görülýän taýýarlykdyr.
Akyl satmak samsyklygyň alamaty.
Birçak gulluga alynjak oglanlaryň görüş derejesini olaryň ýyldyzlary saýgarşy bilen kesgitländiklerini bilýärmiň?
Aty nallaňda toýnagyny galdyrýan eşegiň toýnagyny almaly.
Iki ýüzli adamy ýüzleşdirmek üçin iki ýüz gram ýeterlik.
Adygaňsoň, a:t ýitiren diýdirmeli däl.
Hiç kimiň oda ilki urasy gelenok.
Talanyp alnan tanalyp alnanok.
Hudaý gerek zadyny berseňem alýar, bermeseňem.
Almany göge oklaňsoň, gapmaly.
Ömür bäbekhana bilen öwlüýäniň arasynda ýerleşýär.
Bendesinden haýyş etmeli, Haka ýalbarmaly.
Hudaýdan ilki dilemeli zat – zürýat.
Öleniň öňüne düşmeli däl.
Aslyna bakma, aklyna bak!
Derman ýetmeýän zadyň öwezini dolmak üçin içilýär.
Alty aý puryja aýalyň bilen aýrylyşmaga taýynlyk üçin berlenok.
"Bir aýaly bejerdeniňden, üç aýal alanyň amatly” diýýäniň degişmesiniň aňyrsynda hakykat ýatan bolaýmasyn?!
Tejribe hem edil baýlyk ýaly, ýuwaş-ýuwaşdan toplanýar.
Garawul saklamaga gurbuň çatmasa, it saklabermeli.
Aw eti gurbanlyga ýaranok.
Ýanýoldaşy ýogalan aýal dokuz aý on gün geçýänçä äre barmaly däl.
Öýleneňde ägä bol! Seniň bagtdyr öýdüp ýapyşanyň başga biriniň taşlap giden betbagtlygy bolaýmasyn.
Halypa dörediji bolmaly, şägirt halypasyndan ol ýogalansoň ozdurmaly.
Jan girensoň gyrksaň, üzümem aglaýar.
Burun kesmeseňem ganaýar.
Ekin ekseň, ilki bugdaý ekmeli.
Baýamak üçin akylly bolmaly, ýöne akylly bolmak üçin baýamak hökman däl.
Diňe iliň hakyny däl, öz hakyny hem az iýen arassa bolýar.
Semrejek mal gysyr galar.
Gijesini gündiz edip işleýän gündiz jaýyny garaňkyladyp ýatmaly.
Gelin agzyndan ýel berlen ýaly boluberse gowy.
Göz-gulak, el-aýak... ýaly agzalaram deňdeş agzalara degişli dälmi?
Ataňdan gorkmaýan bolsaň, ikisi hem çagyranda, ilki eneň ýanyna barmaly.
Bir ýakynyňy ynjatmak on ýady ynjadan ýalymyş.
Bakylygy bakyýetden gözlemeli.
Iki aşdan galany bir gazana salyp gyzdyraýmaly.
Gülkä gülmeseň, güldürjek bolýanyň göwni galýar.
“Iki göç – bir talaň” diýilýäni kireýine ýaşaýana degişli däl.
Halal aşyňa ýeter, haram başyňa.
Çykdaýjyň girdejiňden kän bolmaly däl.
Äriňe ýalynmagyň aýby ýok.
It ýylgyrşy ite ýagşy.
“Bagşy bolsun” diýme, “Bagtly bolsun!” diý.
Torgaý çöpe-de çykanok, köpe-de.
Merdiňem, derdiňem gaňryşyna gaýtmaly däl.
"Öňüm gelenden soňum gelsin!” diýleni goşga-da degişli.
Gedaýdan maslahat däl, ýol soramaly.
Ar almak hyjuwy hem, edil söýgi ýaly, gaýduwsyz edýär.
Edebiýat meýdany kärendesine berlenok.
Talantyňy mazamlap duşman gazanmaly däl, dost gazanmaly.
Toýa – jüp, ýasa – täk.
Tosty basyp almaly däl.
Dile çolanjak ýagşylyk edilmese gowy.
Il bähbitli işleriň hemmesi ömrüňi bagyşlanyňa degýär.
Ýaşkam “Ýaş şahyr” diýdirmejek bolup ýazdym, indi bolsa “Sen şahyr däl ekeniň!” diýdirmejek bolup ýazýaryn.
Baýlygyny ýitiren saglygynam ýitirýär.
Hezreti Dawudyň kyrk oglunam “Men-menlik” öldürýär.
Ýazykly öýüň gapysy gara.
Bäri bakana “Bärisinden aňyrsy ýakyn” diýlenok.
Oňat şahyr köplük edenok.
Şahyr obada halanmaly, şäherde dalanmaly.
Ekinçi eşek temegine kakdyrar.
Söwdaňam, gudaçylygyňam arasyna düşmeli däl.
Alňasan siňek aşa gaçar.
"Düwdüm!” diýme, “Bişdim!” diý!
Erk erkegiň elinde bolmaly.
Towşanyň dogduk depesini tekizlemeli däl.
"Dynç başyňy depirjik äre berensoňlar”,
“Depegenden daşyrak” bolup bolanok.
Şahyr bolmak üçin adyň aşagyndan “Şahyr” diýip ýazmak ýeterlik däl.
Döwür öz ýalňyşyny öleňsoň düzedýär.
Nebsiň öňüňe düşensoň, yzyňa gaýtmaly.