Seniň ýüregiňe sygmadyklaryň
gara gözleriňden kagyza damar,
Ýanar...
Ýanar...
Ýanar...
Tükenme ýokdur.
Erte biri «şygyr» diýer okar-da,
Bu hasam ýaman.
«Ýazanyňy bir okap ber» diýerler,
Okarsyň teselli gözläp gözlerden.
Olaň bolsa bary-ýogy gulagy
sendedir.
Görmezler.
Soňra ýüz ýerden
ýetirerler «oňat şygryň» öwgüsin,
A görgüsin?!.
Ýagyşlaň ykbaly şeýle bolarly –
Ýagar,
Ýanar,
Ganar her teşne köňül.
Onuň derdi parhyna däl hiç kimiň,
Şu ýol bilen geçer bütin bir ömür.
Bir ömür ýüregňe sygmadyklaryň
Gözleriňden damar.
Ýanar.
Tükenmez.
Söýüler,
diňlener,
ýöne hiç wagt
Seniň ol derdiňi
hiç kimse bilmez.
Süleyman.H.