amanmyradowna_
18.01.2024 13:21
Çagalarda içgeçmä we gaýtarma üns beriñ!

Ìçgeçme we gaýtarma 0-5 ýaş aralykdaky çagalarda iñ kòp duş gelinýan iaşgazan we içegeleriñ infeksionny ýokanç keseldir. Içgeçme iymitiñ, suwuñ we hapa elleriñ agza salynmasy bilen ýokuşýar.

Içgeçme nàme?
Içgeçme tàretiñ dùzùminiñ we mukdarynyñ ùýtgemegi.
Egerde inçe içegeleriñ zeperlenmegi  bilen baglanşykly içgeçme bolsa tàret has suwly  we kòp mukdarda bolýar. Ýogyn içegeleriñ zeperlenmesi bilen bagly bolsa nemli, ganly, goýy we az bolýar.
Çagalarda içgeçme kòplen gaýtarma bilen bile ýùze çykýar.

Icgeçmà getirýàn mikroplar daşky gurşawda ynsanyñ we haywanlaryñ tàreti bilen hapalanan suwlarda ýaşaýar.

Içgeçmàniñ kliniki alamatlary haýsylar?
1.Ýùrek bulanma
2. Gusma
3. Garynda agyry
4. Tempraturanyñ ýokarlanmagy
5. Işdàsizlik
6. Halsyzlyk

Bejergi:

Içgeçmede bejerginiñ esasy maksady ýitirilen suwuñ we minerallaryñ öwezini dolmak.
Eger çaga suwy we duzy kòp ýitirmedik bolsa agzyndan içirmek arkaly bejergi geçirmeli. Hassahana ýatyrmak hòkman dal

Egerde çaga kòp mukdarda suw we duz ýitiren bolsa onda hassahana şertlerinde damardan damjalaýyn bejergi geçirmeli.

Edendàki suw ýitirmaniñ alamatlary:

• dodaklaryñ we agzynyñ guramagy
• ukuçyllyk
• gòzleriniñ çòkmegi
• pulsunyñ çaltlaşmagy
• peşewiniñ azalmagy
Çagalarda bejergi dowam edýàn wagty dietasyna-da ùns bermeli . Ýagly we sùýjùli zatlardan gaça durmaly!

Ene sùýdi içgeçmeden gorarmy?
Ene sùýdùniñ dùzùmindàki maddalar , ene sùýdi bilen iýmitlenýàn çagalary içgeçmeden gorar. Eger-de ene sùýdùni emýàn çaga-da infeksiýa ýokuşan ýagdaýynda sùyt bermegi dowam etmeli we has ýygy - ýygydan bermeli.

Emeli sùýt berilýàn çagalaryñ sùýt taýýarlanýan suwyny gaýnatmaly we emzigini sterilizasiýa geçirip durmaly.


Bellik! Lukman bilen maslahatlaşman özüñçe berjek bolmak howply. Hòkman lukmana ýùz tutuñ!
24
102
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
@flowers_, howala
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
Şu sòzi birinji gezek eştdim sennen. Gaty haladym😍@flowers_,
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
@flowers_, petigara😂😂😂😂
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
@flowers_, okagyn🤨
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
@flowers_, şuwagt kop icgeçme.
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
Hiç*
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
Giç kim okanok oytyan🤔.
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
Owadanlap ýazanym biderek. Bàrde başgaça🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.