ilhano_va
18.01.2024 11:25
Men seni söýäýdim —
Söýäýdim öýdýän,
Soňky günler maňa bir zad-a bolýa.
Begenmesiz zada begenip ýörün
Hemem sähel zada keýpim bozulýa.

Men seni söýäýdim —
Söýäýdim öýdýän,
Seni seredenden gabanyp ýörün.
Käte seň ýanyňda egnimi gysyp,
Kä donuma sygman gabaryp ýörün.

Men seni söýäýdim —
Söýäýdim öýdýän,
Sen maňa birhili ýowuz görünýäň.
Men seniň ýanyňa baryp bilemok
Hem oňup bilemok saňa görünmän.

Men seni söýäýdim —
Söýäýdim öýdýän,
Sen meniň elimden gidäýjek ýaly.
Juda uly saýyp ýören bu bagtym
Birden iňňä dönüp ýitäýjek ýaly.

Men seni söýäýdim —
Söýäýdim öýdýän,
Göwnüme sen meni söýmeýän ýaly.
Bu zatlary nädip saňa aýdyp bor,
Nädip saňa duýduryp bor ahwaly?

Men seni söýäýdim —
Söýäýdim öýdýän,
Soňky günler maňa bir zad-a bolýa.
Begenmesiz zada begenip ýörün
Hemem sähel zada keýpim bozulýa.

Atamyrat Atabayew
21
43
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.