Bagyşla, eger-de hataly bolsam,
bu günler erkimi aklym kesmeýär.
Içim gybyr-gybyr –
Ýazasym gelýär şygyr
Seniň ezeldäki galamyň bilen.
Şybyr-şybyr ýanyp duran ýagyşlaň
oduna ýanasym gelýär.
Hem göwnümde bir hoş hyýal besleýän –
Saňa meňzemek isleýän.
Ýok zat ýok,
bar zatlaň welin
ählisin söýesim gelýär.
Eý göresim gelýär ähli barlygy.
Ýigrenmek, ýazgarmak, kem baha bermek
ýaly duýgulary undasym gelýär.
Söýüp döredesim gelýär bir zatlar,
ýok, ýok,
edil sen deýin
ýaradasym gelýär söýüp bir zatlar.
Söýmekde many.
Her näçe günäkär, a:sy-da bolsa,
bagyşlasym gelýär ähli ynsany.
Bir söz bilen düzläp biljek halyma,
sabry, muhabbeti boljak bu dünýäň,
çünki herki zadyň teýkaryn bilýän
Saňa meňzäsim gelýär.
Biziň üçin ähli zadyň çägi bar,
çykyp bolmaz,
ýykyp bolmaz diwaryn,
çykman welin görüp bolmaz didaryň.
A meniň çykasym, ýykasym gelýär,
ne sogap, ne günä, oýnanok maňa.
Meniň bir maksadym,
bir niýetim bar:
Görsem bor seni,
hem-de sen ýaly
hiç hili bähbitsiz, gorkusyz – zatsyz
söýsem bor.
Bilmedim näme üçin muny islemäm,
ýöne,
Saňa meňzemek isleýän.
Süleýman.H.