BagtyýarGeldiýew
21.04.2020 15:53
Ýer ýüzünde maýyplyga we ölümçilige getirýän ýürek-damar, onkologiki keseller bilen bir hatarda, süýji keseli (lat. diabetes mellītus) hem uly kynçylyklara getirýändir.

Keseliň alamatlarynyň biri bolan – näsagyň peşewiniň süýjüligi (şul yerden hem suyji kesel diyen ady gelip cykya)barada gündogar alymy, lukman Awisenna hem belläp geçipdir. Süýji keseliň häsiýetlendirilmesi gadymy hindi, arap, hytaý ylmy ýazuwlarynda duş gelýär.

Köp ýurtlaryň alymlarynyň geçiren kliniki barlaglary, aşgazanasty mäziň B-öýjükleriniň işläp çykarýan gormonynyň – insulynyň ýetmezçiligi sebäpli süýji keseliň döreýänligini anyklady.

Keseli bejermek üçin insulynyň (yagny haywanyn asgazan asty mazinden alynyp tayyarlanyan derman) ulanylmagy (1921-1922-ý.ý.) medisina ylmynyň iň uly açyşlarynyň hataryna girdi.

Insulin ulanylmazdan öň, näsaglaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy 5 ýyldan köp däldi. Häzirki wagtda, öz wagtynda we kadaly geçirilýän bejerginiň kömegi esasynda näsaglaryň ömrüniň dowamlylygy sag adamlaryňkydan tapawutlanýan däldir.

Süýji keseli getirýän gaýraüzülmeleri boýunça agyr keselleriň hataryna girýändir.Sag adamlar bilen deňeşdirilende, süýji keselli adamlarda ýürek-damar ulgamyna zeperiň ýetmegi – 2-3 esse, körlük – 10 esse, aýaklaryň çüýremegi (gangrena) – 20 esse köp duş gelýändir.

Süýji keselli näsaglarda ýokançly keseller, böwrek keselleri bilen kesellemek, göwrelilik, çaga dogrumy köp kynçylyklary döredýändir.

Süýji keseli – endokrin ulgamynyň keseli bolup, onda diňe uglewod çalşygy däl-de, bedende ýag we madda çalşygynyň beýleki görnüşleri hem bozulýar. Keseliň döremegi giperglikemiýa (ganda gandyň mukdarynyň ýokarlanmagy) ýagdaýy bilen düşündirilýär. Bu ýagdaýyň döremegine insulinyň ýetmezçiligi getirýändir.Onuň ýetmezçiligi esasynda, glukozanyň myşsalara we bedeniň ýag gatlagyna geçmegi kynlaşýar,ýaglardan we belokdan onuň emele gelmegi köpelýär. Şu ýagdaýlar esasynda, ganda glukozanyň mukdary ýokarlanýar. Sag adamlarda, aç ýagdaýlarynda, ol kadada 4,00-6,6 mmol/l derejede bolsa, süýji keselinde ol 7 mmol/l – 20-30 mmol/l, ondan hem köp bolup bilýär. Ganda glukozanyň mukdary 9,5-10 mmol/l geçende, ol peşew bilen hem çykarylyp bilýär.

Böwrekleriň işiniň bozulmagy bilen, çykarylýan peşewiň umumy mukdary köpelýär. Adam peşew edip, köp suw ýitirýänligi sebäpli, suwsap, dodaklary, agzy, bokurdagy gurap başlaýar. Bedendäki glukozanyň peşew bilen ýitirilmegi adamyň horlanmagyna getirýär. Insulinyň ýetmezçiligi ýag we belok çalşygyna hem täsir edýär.Ýaglaryň emele gelmegi azalyp, olaryň dargamagy güýçlenýär,bagryň öýjükleriniň ýag almagy bolup geçýär. Beloklaryň emele gelmegi peselýär. Bu bolsa bedeniň dokumalarynyň emele gelmegine we dikeldilmegine ýaramaz täsir edýär.

BSGG-nyň (Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy) bölmegine görä, süýji keseliniň iki görnüşi bardyr: Süýji keseli 1 (SK1) – insulina bagly we 2 (SK2) – insulina bagly däl;

SK1 görnüşde aşgazan asty mäziň B-öýjükleriniň işiniň bozulmagy bolup geçýär. Şuňa wirus we bedendäki autoimmun täsirler sebäp bolup biler. Bu görnüş çagalarda we ýaş adamlarda duş gelýär. Olarda gyzamyk, gyzylja, hapgyrtma, aşgazan asty mäziň, öt haltanyň sowuklamalary, nerw ulgamy tarapyndan bozulmalar süýji keseline getirip biler.

Bu kesel nesil yzarlaýjy häsiýete eýe bolup, öten nesillerde keseliň duş gelmegi, onuň bilen kesellemek howpyny ýokarlandyrýar. SK2 görnüşi uly we gartaşan adamlarda duş gelýändir. Bu görnüşde insulina bolan talap aşgazan asty mäziň işine bagly däl ýagdaýlar bilen düşündirilýär.

Böwreküsti mäziň gormony, gipofiziň käbir gormonlary, glýukogon, dermanlar (buşukdyryjy we gan basyşy peseldiji serişdeler, kontraseptiwler) insulinyň dargap, onuň işiniň peselmegine getirip biler.

Süýji keseliniň döremegine semizligiň, uzak dowam edýän nerw dartgynlylygynyň, göwreliligiň, geçirilen şikesleriň, bagryň keselleriniň, ýokanç keselleriň, hirurgiki operasiýalaryň sebäp bolýanlygy subut edildi. Alkogol içgiler hem aşgazan asty mäze, bagra zyýan ýetirmek bilen, soňundan süýji keseliniň döremegine getirip biler.

Wagtynda bejerilmedik süýji keseli bedeniň dürli agzalaryna öz täsirini ýetirýändir.

Köplenç deriniň we deriasty ýag gatlagynyň üýtgemegi bolup geçýär. Agyr geçýän süýji keselinde ol gury bolýar, gasyn atýar, çyban ýaly iriňli dömmeler emele gelip başlaýar. Dabanda jaýryklar, kömelekler sebäpli döreýän ýaralar, eroziýalar emele gelip biler.

Kömelekli zeper ýetmeler(griboklar) ýa-da olara bagly bolmadyk sebäplere görä, daşky jyns agzalarynyň nemli örtüginde gijilemek bolup biler. Injigiň öň tarapynda, dabanlarda trofiki baş keseliniň döremegi mümkindir. Insulin sanjymlary edýän näsaglarda, sanjym edilen ýeriň deriasty ýagly gatlagynyň trofiki üýtgemeleri bolup biler.

Kalsiniň ýitirilmegi, gan aýlanşynyň bozulmagy sebäpli süňkleriň we bogunlaryň, esasan hem injikleriň we dabanlaryň üýtgemegi bolup geçýär.Dişlere we dişiň etine hem zeper ýetýär. Ýokarda bellenilip geçilşi ýaly, süýji keseli näsaglarda köplenç bagryň, böwregiň işine zyýan ýetirýär, öt haltanyň keselleri agyr geçýär, nerw ulgamynda köptaraplaýyn üýtgemeler bolup geçýär.

Süýji keselinde ýürege we gan damarlaryna zyýan ýetirilmegi, köplenç maýyplygyň we ölümçiligiň sebäbi bolýar. Şunuň ýaly näsaglarda ýüregiň infarkty hem has agyr geçýär. Agyr geçýän süýji keseli, jyns mäzleriniň işine hem täsir edip, jynsy höwesi peseldip bilýändir.

Görejiň kütelmegi, böwreklere, aýaklara we başga agzalara zeper ýetirilmegi – bu keselde orta we kiçi gan damarlaryna zyýan ýetip, gan aýlanşynyň bozulmagy bilen düşündirilýär.

Barlaglaryň görkezişi ýaly, ganda gandyň mukdaryny gözegçilikde saklap, bu keselde duş gelýän üýtgemeleriň we gaýraüzülmeleriň öňüni alyp bolýar.

Süýji keseli bilen adam bütin ömrini ýaşamaly bolýar.

Süýji keselli näsag:

Lukman bilen hemişe aragatnaşykda bolup, bejergi çärelerini kadaly geçirende;

Öz ýaşaýyş we zähmet şertlerini talaba laýyk gurnanda;

Öz ýagdaýyna hemişe gözegçilik edende – keseli gözegçilikde saklap, gaýraüzülmeleriň öňüni alyp biler.

Näsagyň maşgalasynyň, ýakyn garyndaşlarynyň hem bu kesel, onuň geçişi, bejergisi, berjaý etmeli gündelik ýaşaýyş düzgünleri barada maglumatlary bilmegi hökmandyr.

Süýji keseliniň bejergisi köp çäreler toplumy öz içine alýandyr: berhiz saklamak, gandy peseldiji dermanlary ýa-da insuliny ulanmak, zähmet we dynç alyş düzgünlerini berjaý etmek, gapdallaýyn dörän keselleri öz wagtynda bejermek;

Gandy peseldiji dermanlar (butamid, glibenklamid, glibutid, metformin) ýa-da insulin bilen bejergini ýörüte geçirilen barlaglardan soň lukman bellemelidir.

Bejergi çäreleri süýji keseliň görnüşine, näsagyň ýaşyna, ýagdaýyna, bar bolan gaýraüzülmeleri göz öňüne tutulyp bellenilýändir.

Süýji keselli näsag üçin keseline gowy gözegçilik eder ýaly, geçirilýän bejerginiň täsirine baha berer ýaly özüne gözegçilik etmek hökmandyr.

Häzirki wagtda, öý şertlerinde günde gandyň mukdaryny bilmegiň çalt we ýönekeý usuly – glukometrleri ulanmakdyr.

Berhiz ýa-da gandy peseldiji dermanlar bilen bejergi alýan näsaglar:

Gije-gündizde azyndan bir gezek: aç wagty ýa-da naharlanmadan 2 sagat geçenden soň;

Özüni duýşy erbetleşende;

Hepdede bir gezek doly barlag geçmek: ganda gandyň mukdaryny günüň dowamynda 4 gezek ölçemek – ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharyndan öň we uklamazdan on

Goşmaça barlaglar aşakdaky ýagdaýlarda zerurdyr:

Sport bilen meşgullanýan ýagdaýyňyzda;

Gündelik düzgüniňiz üýtgände (syýahat ýa-da iş sapary bilen başga ýerlere gitmek);

Özüňizi ýaramaz duýan günüňiz – her 2 - 3 sagatdan;

Göwrelilik wagty – günde 7 - 8 gezek;

Naharlanmagyň hili we wagty üýtgän mahaly – naharlanmadan öň we soň ölçemeli;

Ganda gandyň aşak düşmek ýa-da ýokary galmak alamatlary ýüze çykan wagty
11
776
BagtyýarGeldiýew
22 Aprel 2020
Bolya bolya hokman ginisleyin maglumat paylassarn nesip bolsa su wagt Caglarda bowrek kesselen ussunde biraz islap otyrn Okamaly zatlamaam agdyklyk edya yone hokman paylasarn nesip bolsa
Myhman Myhman
22 Aprel 2020
Bagtyyar wirus barada biziñ bilmeyän zatlarmyzy bilýänsiñ belki yazay hem labaratornyý diýdiler dúnýä sahlyk guramasy bolsa tersledi ýagny ýsrganatdan diýdiler Medine
Bitter?
22 Aprel 2020
Ok ?kop sag bol bagtyyar
BagtyýarGeldiýew
22 Aprel 2020
Gesdigi bolsun howwa yanan yerde deri bozulya we sol yeri mikrob dusmek howpy yokary bolya sonun ucin elin bn ellemeli dal
Bitter?
22 Aprel 2020
Ine bu tazelik mena her yanamda yanan yeri elim bn tutup agyryny gecirmage synanysyan diymek beter agyry gazanyan ekenimda yone tuweleme osup baryanym ucinmi nammi ustimden bir caynek gaynag suw dokdim bir ayagymy yarysy yanypdy yone ozumem hayran galyan barmak basaymaly gara pitnodan basga yz galmady yalnysmayan bolsam 1,5 yyl gecdi oytyan so yananymdan son
Bitter?
22 Aprel 2020
Benzin otlanmadyk blmk duzuminde nm ba benzinin ozi yakypdyr dp bilyan beyle zadam bolup bilyami bagtyyar
BagtyýarGeldiýew
22 Aprel 2020
Wi yenede yanyga abat dokuma galtasmaly dal islendik mazlary elin bilen calmaly dal
BagtyýarGeldiýew
22 Aprel 2020
Salam Merjen hudaya sukur ozun naili Merjen men yanygyn derejesini bilmesem eyt beyt diyip bilemok eger benzin bn bagly yanyk bolsa ol gaty agyr derejedaki yanyga degisli bolya eger yanan meydan 1 garyşdan uly bolsa onno men sana ony lukmana gorkezmegi maslahat beryan yok yaranyn meydany kici bolsa sana ony bejermek ucin
1 nji dena antibakterial serisde sepmeli
2 nji denem yarany bitiriji serisde sepmeli
We ussuni arassa hasa bn yapyp gezmeli hasany gunde calysmaly
Sen yagdayynda Bepanten plýus dip komleksi derman ba sony sepaýsin yanan yerik sebabi sol dermanda 2 tasiri birden berya Alla şypa bersin
Soydim
22 Aprel 2020
Salam bagtyyar gowmy yagdaylan men onki Dunyam asyl adym Merjen Bagtyyar men senden bir zat sorajakdym:Ten benzine yansa oyde in agyrysyz sekilde nadip bejerip bolarka
BagtyýarGeldiýew
22 Aprel 2020
Kartanesi men sen soragna jogap yazsam gidenok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.