gunesh_
16.01.2024 16:59
Gorkudan gaçjak bolmaň, ony her taraplaýyn synlap, ony fiziki duýgy ýaly bir zat hasap ediň. Özüňizi fiziki duýgulara aldatmaň. Bir gündogar ertekisi bar: Bir adamy al-arwahlar yzarlaýan ýaly bolupdyr. Ol gije-gündiz gaçyp, ahyry ysgyndan düşensoň, sütemkärine bakyp geň galypdyr, sebäbi ýaňky al-arwahlar ýitirim bolupdyr. Görüp otursa, bu onuň öz hyýalynda dörän gorkulary eken.

Siziň ýanyňyzdan kowmaly ýene bir duşmanyňyz bar, ol hem özüňe rehimiň inmek. Özüňe rehimiň inmek – bu biderek ýere güýjüňi sarp etmeklikdir. Bu adamyny göwnüçökgün edip, beýleki adamlardan daşlaşdyrýar. Haçan-da, şolar ýaly duýgy ýanyňyza gelen wagty (onuň geljekdigi ikuçsuzdyr), onuň göni ýüzüne seretmegi başarnygyň hemem wagtyň ähli zady bejerýändigini ýadyňyzdan çykarmaň.

Hiç wagt ýeňlişi kabul etmäň. Yadyňyzda saklaň, özüňize ýene bir mümkinçiligi bermek hiç wagt giç däldir.

Yene bir zat – geçmişiňiz bilen ýaşamaň. Her bir adamyň geçmişiniň çarkandakly ýollary, ýüreginde galan agyryly ýerleri bardyr. Şol sebäpli ol geçmişinden diňe sapak alyp biler. Geçmişiň ýakymly, şatlykly ýerlerem kän, biz diňe şolary ýatlamaly. Yöne geçmişiňiz örän şatlykly ýagdaýda geçenem bolsa, şol günler bilen ýaşajak bolmaň, sebäbi durmuş yza gidenok.

Biziň güýjümiz beýnimiziň güýjüne bagly, şonuň üçinem beýnimizi güýçlendirmeli. Ol bolsa biziň öňe itmegimize, janymyzyň sag, bagtly bolmagymyza mümkinçilik berer.

Kimdigiňe akyl ýetirmek — beýniňi güýçlendirmegiň ilkinji ädimidir.

Maksadyňyza gönükdirjek hemem ýetirjek güýji siz ýeke, ümsüm oturan çagyňyz taparsyňyz.

Günde iki wagtyna – irden we agşam, ýagny beýniň asuda wagty içgi güýçleriňi jemlemek üçin ýeke bolmak örän zerurdyr. Kelläňizdäki pikirler örän aýdyň hemem düşnükli bolmalydyr.

Ýadyňyzda saklaň, siz öz köne, gerekmejek, ýaramaz pikirleriňizi täze, aýdyň pikirler bilen çalyşmalysyňyz. Gowy pikirler beýni ulgamyny ýaşaýyş hemem güýç bilen dolduryp, işjeňlik güýji tutuş bedeniňize ýaýrar. Özüňize ynamyňyz artan wagty akylyňyz ýitelip, bedeniňiz güýçlener. Beýniňiziň güýji ýokary derejä ýeter, sebäbi siz öz bedeniňizde egsilmez güýjüň ätiýaçlyk goruny tapdyňyz.

Ýeke galyp pikirleriňi synlamak – akylyňy hemem göwräňi durnukly saklamaga kömek eder. Bu adamda täze güýç-kuwwat döredip, bilimini artdyrar, şol bir wagtyň özünde-de içki rahatlygy ýola goýup, asudalyk döreder. Siz öz beýniňizi durmuşyň kynçylyklaryna döz gelmek üçin taplamalysyňyz. Şeýtseňiz islendik meseläni çözüp bilersiňiz.

Ýeke bolmagyň ýönekeý usuly

Özüň bilen ýeke galmak bu öz kimdigiňe akyl ýetirmekdir. Siz ýeke galanyňyzda daşky gurşawa ýa-da kimdir birine we beýleki zatlara bolan arabaglanyşygy duýýarsyňyz. Başga söz bilen aýdylanda, ýeke bolmak – bu syýahata taýýarlyk görmekdir. Bu syýahat islendik nokadyň ýa-da belli bir maksadyň aralygy bolup biler: «Tebigatyň kanunlaryna boýun bolýan» diýip aýdanyňyzdan soň, siz jan-saglyk, akylyňyzyň rahatlygyny hemem durmuşyň şatlygyny taparsyňyz.

Her bir adamyň bu ugurda başarnygy bardyr: Munuň üçin üýtgeşik güýç ýa-da adaty durmuşyňdan aýrylyp gitmek gerek däl. Günde birnäçe minudyňy sarp edeniň ýeterlik.

Ýeke galyp pikirleriňi seljermek bu size durmuşda uly ynam bilen öňe gitmäge, geljege aýdyň göz ýetirmäge kömek eder. Ol adamyň aňyny ýokary derejä ýetirip, akyl, fiziki we ruhy taýdan sazlaşykly ösmäge kömek eder, adamda içki şatlygy oýarar. Bu bolsa adamynyň beýnisiniň ätiýaçlyk goruny hasam ösdürer. Akylyňyz belli bir derejä ýetende tebigy durmuş maksatnama geçmek karary öz-özünde güýjär. Irden ýeke galan wagtyňyz bu günki etjek işleriňizi meýilleşdiriň, agşam ýeke galanyňyzda bolsa uzakly günki bolan zatlary gözden geçirip, üstünliklere, kemçiliklere baha beriň, indiki etmeli işleriňizi meýilleşdiriň. Gündeki işleriňizi derňemek örän möhümdir. Siziň içki rahatlygyňyz hasam artar. Öňki bimaza edýän adamlar, zatlar gaýdyp gaharyňyzy getirmez. Bu bolsa döredijilik işine hasam ylham berer.

Adam ýeke galyp pikirlerini seljeren wagty bedeni ukudaky wagtyndakydanam beter dynç alýar, onuň ýüreginiň urşy, dem alşy, madda çalşygy ukudaky wagtyndanam haýal işleýär. 30 minut ýeke galandan soň her bir adam özüni täzeden dünýä inen ýaly duýar. Beýniňiz rahatlanyp, beýleki adamlaryň dünýägaraýşy öňküleri ýaly täsir etmez. Akylyňyz durlanyp, duýgularyňyz güýjär, ýöne ol örän deňagramly, durnukly ýagdaýda bolar. Ýeke bolmak akylyňy we duýgularyňy ýitelder, adama fiziki rahatlyk berip, jan-saglygy berkär, endamynyň dartgynlygy aýrylar. Ýeke bolmak adamyň ähli zadyny – pikirlerini, duýgularyny, beden agzalaryny sazlaşyga getirer.


Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnaly
35
168
gunesh_
20 Yanwar 2024
@mekde, 😊
mekde
20 Yanwar 2024
Okap rahatladym
Tayler
17 Yanwar 2024
@gunesh_, 👍
gunesh_
17 Yanwar 2024
Tayler
17 Yanwar 2024
Bähh....
gunesh_
17 Yanwar 2024
@tajiyewa, pikirlendiripdir öýdýän sizi:)
tajiyewa
17 Yanwar 2024
Gowy sozler bar eken
gunesh_
17 Yanwar 2024
@tim_, aha gyzyklandym:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.