gunesh_
16.01.2024 09:55
Ýazgarylmak gorkusy

Haçan-da, beýniň taby gaçyp, iň pes derejä ýetende, adam örän duýguçyl bolýar. Hemmeler özüne seredip, gürrüňini edýän ýaly görünýär. Bu gorkudan halas bolmak üçin siziň ilkinji etmeli zadyňyz – adamlaryň aglabasynyň bahyldygyna, bileni-biteniniň iliň gürrüňini edip ýörmekdigine düşünmek. Bular ýaly gep-gürrüňlere şübheli hoşamaý sözlerem girýär. Şonuň üçinem siz beýlekileriň başaryp bilmejek zadyny başarmalysyňyz.

Meniň dynç alşa çykan dostlarymyň biri şeýle diýýär: Eger hiç kim gürrüňiňizi etmeýän bolsa, diýmek, siz hiç ýerde üstünlik gazanýan dälsiňiz. Eger gepiňiz-gürrüňiňiz edilmeýän bolsa, onda biynjalyk bolmaly, sebäbi bu siziň bir ýerde durandygyňyzy aňladýar:

Ýadyňyzda saklaň, her näme etseňizem hatda olar ýakyn garyndaşyňyzam bolsa hemmeleriň göwnünden turup bilmersiňiz. Birnäçe ýyl mundan ozal sagdyn durmuşa gadam basan wagtlarym gaty gowy ýadymda. Agalarymyň hemem uýalarymyň käbiri meni tankyt edip: "Sagdyn däli", "Sagdyn samsyk", "lýmit dannaýan akmak" ýaly ýakymsyz atlar bilen atlandyrardy. Ýöne beýnimiň güýji ýokary derejede bolansoň, olar maňa zyýan edip bilmedi. Sagdyn durmuş ýolunyň beýniň güýjüni berkidýändigi geçilen uzak ýyllar subut etdi, sebäbi men öz tankytçylarym bilen hoşlaşanymdan soňam gaty kän ýyl ýaşadym.

Men durmuşda akylly-başly ýaşap, öz tankytçylarymy gapdalymdan geçip gitmäge mejbur edýän. Men tebigatyň ajaýyp güýji bilen ýaşaýan, sebäbi biz Hudaý bilenem, tebigat bilenem bir bitewi. Şo sebäpli näme üçin men bir bolgusyz adamyň öz durmuşyma täsir temegine ýol bermeli? Men akyl taýdanam, fiziki taýdanam, ruhy taýdanam ondan ýokarda ahyry.

Beýniňiz güýçli bolsa hakykatyň nämedigine göz ýetirseňiz, size ownuk adamlaryň gep-gürrüňi täsir etmez.

Söýgiňi ýitirmek gorkusy

Beýniň güýji aşak gaçanda adamda nägilelik döreýär. Özüne bolan ynamyny ýitirip, özüni doly däl ýaly hasaplaýar. Özüniň ýakyn adamlary elinden alynaýjak ýaly gorkup ugraýar. Adamy iýip barýan bu gorkyny hemem şuňa meňzeş duýgulary ýeňmegiň ýeke-täk ýoly bar – adam beýnisiniň güýjüni ýokary galdyrmaly.

Gabanjaňlyk – bu gaty ýaramaz zat, şonuň üçinem barymyz onuň bilen göreşmelidiris. Biz birini söýüp bileris, ýöne bu ol adamyň biziň hususy zadymyzdygyny aňladanok. Haçan-da, beýniňiziň güýji ýokary bolanda, her bir adamyň öz durmuşy bilen ýaşap biljegine, ýaşamalydygyna düşünersiňiz. Şonuň üçinem söýgiňizi ýitirmek gorkusyndan, gabanjaňlykdan ýokarda bolar ýaly beýniňizi güýçlendiriň.

Söýgi – bu dünýäniň iň uly güýjüdir. Söýüň, şonda söýülersiňiz. Ýadyňyzda saklaň, söýýänleriňizi hemem özüňizi söýýänleri hiç wagt ýitirmersiňiz. Eger-de söýgiňizi elden gideren bolsaňyz, ynanaýyň ol siziň hakyky söýgiňiz bolan däldir.

Adamlaryň aglabasy ýeke galaryn, söýülmerin öýdüp gorkýar, ýöne elmydama sizi söýjek hemem söýgiňize mätäç adamlar bardyr. Gözläň, taparsyňyz. Siziň bir ýetmeýän zadyňyz – özüňize bolan ynamyňyz, ony bolsa saglygyň hemem beýniň güýji bilen gazanyp bolýar.

Häzir ylym älem-jahanyň energiýadygyny aýdýar. Fizikanyň ilkinji kanuny bolsa şeýle diýýär: Energiýa döränogam, ýitibem gidenok. Ol barlygyň dürli görnüşleri arkaly tükeniksiz ýollar bilen ýüze çykýanam bolsa, barybir, şol energiýalygyna galýar. Ol özgerip biler, ýöne ýitip gitmez. Durmuş – bu energiýadyr. Şonuň üçinem, eger energiýa ýitip gitmeýän bolsa, energiýanyň beýleki görnüşleri ýaly, durmuşam ýitip gitmez. Durmuş dürli görnüşli özgerişlikleriň hemem geçelgeleriň üstünden geçmegi mümkin, şeýlede bolsa, ýaşaýyş energiýasy galar.

Pikirler derýasy

Durmuş iki şaha bölünýän ullakan derýa mysalydyr. Onuň bir şahasy adamy üstünlige, jan-saglyga hemem bagta alyp barýan bolsa, beýlekisi kesele, wagtyndan öň garramaklyga, betbagtlyga we şowsuzlyga alyp barýar. Bu derýa ýasama ýa-da hyýaly bir zat däl, ol edil Missisipi derýasy ýaly akyp ýatyr, ýöne suwdan däl-de, pikirlerden ybarat bolup, adamyň beýnisinden akýar. Bu derýanyň üstünlikli şahasyny gowy pikirler, beýleki şahasyny bolsa ýaramaz pikirler tutýar. Ýaramaz pikirleriň iň köp bölegini bolsa gorky gaplap alýar.


Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnaly
26
121
mekde
20 Yanwar 2024
👍👍
mel1
18 Yanwar 2024
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.