Täze toý edenimizden soň, öýiň gelim gidimi iki aýa golaý yzy üzülenokdy, şol günleriň birinde ýaşaýyş toplumymyzda tanalýan adybelli gybatbaz aýallar guramasynyň başlygy (atlandyryp durmaýyn) hemişekisi ýaly, gybat torbasyny dolduryp gelipdir, gutarmak bilenok, agzy durman gürleýär, aslynda ony hiç kimem myhman almak we diňlemek islänok welin, näme türkmençilikde " myhman ataňdan ulyda"... Gybatbazlygy birýana, osmakladyp, agyz alartma gylygynyň barlygyny ilkinji gören günümde aňypdymam , adamlary gürletmäge ökde we gylgeçmezleriň arasynada tow oklap bilýän aýal... Şol gün toý bukjasyna tikinen köýneklerimiň tikimçisini sorady menden, men agzym ýaşmakly, ýoldaşyma pyşyrdap aýdyp ýetişmänkäm, ýoldaşym jogabyny berdi... Yz ýany başlady meniň gelnimiňä ähli geýim-gejimleri nagyşy, pugtamasy bilen öz elinden çykan, gelin diýeniň elinden hemme iş gelmeli. Soňam aýal ärinden pesde bolmaly, ýoldaşy onuň ýerdäki hudaýydyr, gara diýse gara, ak diýse ak bolmaly.. Onsoňam gelin kişä okuw nämä gerekligine düşünemok, onuň okuwy - hojalygy, bar işem ýoldaşy bolmaly dälmi. Men çiňňerlip onuň ýüzüne seretdim we ýoldaşyma göz aýladym, kim biler onuň aňyna bu sözler nähili täsir edendir... Entegem ýaşmak meni başyma gazanjak dil belasyndan saklady... Ýoldaşym ýassanyp duran ýassygyny beýleki ýanyna goýdyda gaýtadan ýassandy we
" Gelneje tüweleme gelniňizä tikimçi eken, berekella elinden dür döküp, adamlary bezeýä, gelnejeme hormatym uly, ýöne siziň gelniňiz mata çatýan bolsa, meň gelnimem adam çatýa, ol mata dälde adamlaryň saglygyny ýamaýa...Hudaýa müň şükür ony maňa duşuranyna, ol meň ýüregimiň lukmany, ömrümiň bahary, durmuşymyň bezegi, men ony başymyň üstünde saklaryn we ol edenini goýanyny bilýän zenan meniň oňa agy garany aýtmagyma gerek ýok. Hawa ol okaýa, meň bilen deň derejede işleýä, ol isledi we muňa men rugsat berdim, çünki men oňa ynanýan we Alla ýol berse soňuna çenli ýanynda goldaryn, men oňa söz berdim, hiç haçan arzuwlaryna böwet bolmaryn" diýip maňa ýylgyryp seretdi. Şol mahalky aýdan sözleri ýüregimde oňa bolan söýgimi artdyrdy we gaýtadan aşyk boldum🤦🏻♀️ Bu jümle maňa güýç berdi we gaýtadan özüme bolan ynamymy gazandyrdy...
Adam edenini adam başarar, ýa hiç kim ejesiniň garnynda öwrenmändir diýen aýtgylara köp duşansyñyz! Ýöne onuň edenini men başaramok diýip gynanmaň, her kimiň ömür ýoly bir däl ahyry, unutma seniň edeniňi hem onuň başarmaýanyny ! Hiç haçan töweregiňizdäki boş gürrüňlere gulak gabartmaň! Olar gelip geçijileriň gürrüňi bolsaha bu hakda aýtmagymada gerek yok, çünki maşgala berkligine itergi berýän, ynamdyr, hormatdyr olaryň netijesinda bolsa söýgidir!