izabel
15.01.2024 21:42
Hindistanly Saraswati Dewi adamsy aradan çykanyndan bäri, 32 ýyldyr, günde bir sagat gepleşýär diýip, «Oddity Central» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Zenan bu gün 85 ýaşynda, 1992-nji ýylda adamsy ýurduny täzeländen soň ol dymmak bilen ýanýoldaşynyň ruhuny hatyramakçydygyny yglan etdi. Ol mukaddes ýerlere zyýarat edýärkä, ruhana sataşdy. Ruhany Saraswatä Rama taňrynyň hatyrasyna Kamtanath dagynyň daşyndan aýlanyp çykmagy sargyt etdi.

Bu zyýarat zenana şeýlebir ýarady welin, ol Rama bagyşlanan täze ybadathana gurlup gutarylýança, gürrüňçilikden gaça durmak kararyna geldi. «Ol gije-gündizde 23 sagat geplemedi, diňe günortan bir sagat gepleşýärdi. Galan wagty biziň bilen galam-kagyzyň, ümüň üsti bilen gepleşdi» diýip, Dewiniň gelni gürrüň berýär.

Indi 32 ýyldan soň Dewiniň dymmak dessury ahyrlaýar, şu ýanwaryň ahyrynda onuň garaşan güni, Rama taňrynyň ybadathanasy açylyp, ulanmaga berilýär.
24
150
mandarin
15 Yanwar 2024
@awgust, salam bize ynanmak zeruram dal
tmyigit76
15 Yanwar 2024
Gaty täsin halk hindiler. Real bolmadyk duýgulara ýugrulan düşünjeleri
izabel
15 Yanwar 2024
@gunesh_, sag boluň minnetdar 🥰
gunesh_
15 Yanwar 2024
Hoş geldiňiz! Şowly bolsun:)
izabel
15 Yanwar 2024
Like basanňyz üçin köp sag boluň😍🤗😘. Bu meniň ilkinji postum.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.