amanmyradowna_
15.01.2024 00:50
Ýadyň bozulmasy.

     Ýat – bu ýada almak, saklamak we alynan maglumaty gaýtadan döretme prosessi.
      Mukdar we hil bozulmalary (paramneziýa) tapawutlanýar, olarda ýalňyş ýatlamalar, geçmişiň we häzirki wagtyň süýşmegi, hakykaty we hyýala getirmäni çalyşmak.
                          Ýadyň mukdar bozulmasy:
Gipermneziýa.
Gipomneziýa.
Amneziýa.
     Gipermneziýa – ýadyň patologik ýitileşmesi, ýatlamalaryň köplügi, ýeňil ýada düşmesi bilen ýüze çykýar. Gipomaniakal we maniakal ýagdaýlarda, serhoşlygyň başlangyç döwründe (gaşiş, alkogol), şizofreniýada, gipnoukuly ýagdaýda duş gelýär. Şeýle-de gipermneziýa depressiýada hem bolýar – geçmişiň epizodlary takyk ýadyna düşüp başlaýar. Aňy bozulma ýagdaýda näsaglar öňki okan kitaplaryny ygtyýarsyz we foto takykly beýan edýärler, daşary ýurt dillerinde gepleýärler. Sagalandan soň hemme zat ýadyndan çykýar.
      Gipomneziýa – ýadyň gowşamasy. Köplenç dismneziýa görnüşinde ýüze çykýar – ýadyň her hili funksiýalarynyň gyradeň bozulmasy, birinji ýerde ýatda saklamak we gaýtadan döretme. Dismneziýanyň alamatlarynyň biri häzirki wagt zerur bolan haýsydyr bir fakty ýatlap bilmezlik, soň bolsa şol fakt özünden özi ýadyňa düşýär. Bir adama aýdan zadyny ýadyndan çykaryp ýene-de şol habary aýdýar, bu ýadyň ýeňil gowşama alamatlarydyr. Şeýle-de gipomneziýa – gowy bilýän zadyňy ýatladylmasa ýadyňa düşürip bilmezlik ýaly bozulma bilen ýüze çykyp bilýär. Gipomneziýanyň has agyr görnüşinde şahsy we jemgyýetçilik durmuşynyň aýry bölekleri belli bir derejede ýadyndan çykýar. Gipomneziýa kelle beýnisiniň damarlarynyň aterosklerozyndan ejir çekýän gartaşan adamlarda, birnäçe psihiki kesellerde, şikeslerde ýüze çykýar. Kelle beýnisiniň organiki keselleri bilen esaslanan ýadyň peselmesini, daşyndan meňzeş, ýöne düzelýän (yzyna dolanýan) bozulmalardan tapawutlandyrmaly. Olar psihogen patologiki bozulmalarda ýüze çykýar (asteniýa, depressiýa) we olarda ýadyň bozulmasy ujypsyzdyr.
      Amneziýa – ýadyň bölekleýin ýa-da doly ýitmegi.  Ýadyň boş ýerleri belli bir wagt bölegine, aýry wakalara bolup biler. Şeýle bölekleýin amneziýa huşuny ýitiren (epileptiki tutgaýda ) adamda has aýdyň, şeýle-de soporda we komada duş gelýär.

Ýatkeşligi gùýçlendiriji iýmitler: hoz, balyk, et, ananas we gyzyl reñkli gòk ònùmler. E we D witaminler.
27
208
amanmyradowna_
15 Yanwar 2024
@awgust, 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.