Eşidiş gallýusinasiýalar:
Imperatiw gallýusinasiýalar – näsaglar üçin örän howply, sebäbi bu „sesler“ buýruk häsiýetli: öldür, asyl, iýme, gürleme, ýatma we ş.m. Bu „sesler“ näsagyň özi we töwerekdäkiler üçin howply, şonuň üçin olar gözegçilige mätäç.
Haýbatlaýjy gallýusinasiýalar – bu hem näsag üçin has howply, sebäbi ol özüne, seýrek ýakynlaryna ugrukdyrylan haýbatlary eşidýär: ony „soýjak“, „asjak“, „balkondan zyňjak“ bolýan sesler we ş.m.
Düşündiriş gallýusinasiýalar – näsag öz pikirleri ýa-da edýän işleri barada „sözleri eşidýär“. Meselem, näsag özi barada eşidýär: „ol turdy“, „ol ýöredi“, „kitap okaýar“, „ol düşegini ýygnaýar, ýöne gowy däl“ we ş.m.
Antogonistiki (gapma-garşy) gallýusinasiýalar – näsagyň iki topar sesleriň eşitmesi bilen häsiýetlenýär. Olar manysy boýunça gapma-garşy, biri käýeýär, beýlekisi öwýär.