tmyigit76
14.01.2024 19:13
Ýyllaryň jedeli gutardy! “Android” nyşanyndaky robotyň ady mälim edildi.






Şu günler tehnologiýa dünýäsiniň gözi ABŞ-nyň Newada ştatynyň Las Wegas şäherinde "Consumer Electronics Show" sergisinde ýa-da gysgaça CES-de. “MSI”-den “LG” -e, “Honda” -dan “Togg”-a çenli köp kompaniýalar, her ýyl bolşy ýaly, şu ýyl ähli tolgunmalary bilen dowam edýän ýarmarkada sahna çykdylar

ABŞ-ly tehnologiýa ägirdi “Google” hem çetde galmady. Kompaniýa "CES 2024" ýarmarkasynda möhüm beýanatlar berdi. “Android” baradaky sözleriň biri köpleriň ünsüni özüne çekdi. Sosial mediýada bu barada köp gürrüň edildi.


Android nyşanyndaky robot maskotynyň ady näme?




Google geçen ýylyň sentýabr aýynda Android operasiýa ulgamynyň marka şekilini täzeledi. Şeýlelikde, logo hem täzelendi. Bu täze logotipdäki "Android" sözüniň baş harpynyň ulalmagy bilen birlikde, iň täsirli tarapy, robot maskotynyň 3D görnüşinde görkezilmegi.

Köp adam bu robot maskotyny logotipdäki "robot" diýip atlandyrsa-da, käbirleri oňa "bugdroid" diýýärler. Garaz, oňa ulanylýan atlar köp. Golaýda, Google "CES 2024" ýarmarkasynda eden çykyşynda köp ýyl bäri dowam edip gelýän bu jedeli soňlady.

Google ýarmarkada “Android” nyşanyndaky robot maskotynyň ady üçin “Bot” aňlatmasyny ulandy. Sosial mediýada bu barada köp gürrüň edildi.


Başga bir täzelik “Nearby Share” aýratynlygy barada boldy.



Soňky hepdelerde iň meşhur Android aýratynlyklaryndan biri bolan “Nearby Share” -iň adynyň üýtgediljekdigi aýan edildi. Bilmeýänler üçin “Nearby Share” ulanyjylara faýllary, suratlary, wideolary ýa-da beýleki ýakyn Android enjamlary bilen baglanyşyklary aňsatlyk bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýän aýratynlykdyr.

“Google” ýarmarkada “Nearby Share” -iň “Quick Share” adyna üýtgediljekdigini habar berdi. Kompaniýa munuň üçin Samsung bilen hyzmatdaşlyk eder.




Çeşme: wwwShiftdelete.net.
31
168
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.