myrataly_
14.01.2024 13:25
Aŷallary bagtly etmek üçin maslahatlar
🌕Ayallar bilen gyzyklanyň!
Köp aýallar özleri hakda gyzyklandyrmagy, üns berilmegi gowy görýärler. Gyzyklanma, aýalyň işe we durmuşa bolan garaýşyny üýtgedýän mehanizmdir. Erkek tarapyndan ideg edilmegi, aýalyň özüni ösdürýändigini we bagtlydygyny görkezýär.
🌕Olara ynanyñ!
Erkek bir aýala ynam duýgusyny bermek üçin, oňa şertsiz baglydygyny duýdurmalydyr. Beýleki ağallaryň hemmesine garamazdan, ol adam diñe siziñkidigine ynandyrmaly. Bu tapgyrdan soň, beýleki aýallary görmeýändigiňizi, ömrüňiziň dowamynda olar hakda alada etmeÿändigiñizi, olara degişli däldigini duýmalydyr.
🌕Erkin bolsun!
Şol şertler özüňiz üçin möhümdir. Nirä barýandygyňyzy habar beriň, ýöne hasap soramaň, hasap bermäň. Aýal-gyzlar özlerine eye bolan erkeklere has köp üns berÿärler. Özüňe bolan garaýşyňy duý, ýöne erkinlige üns ber, ýogsam beýle gatnaşyklar ýitip gidýär.
🌕Olary diňläň!
Ayal gündelik işleriniň aýdylmagyny we düşünilmegini isleýär. Şonuň üçin aýallary diňläň we olara özüňiz, İşiňiz, maşgalaňyz hakda gürrüň beriň. Bu size we öňüňizdäki aýala özüňizi has gowy duýmaga kömek eder.
🌕Owadan sözleri aýdyn!
Her kim gowy sözleri halaýar, esasanam aýallar owadan sözleri eşidenlerinde gül ÿaly gözelleşÿärler. Sözleriňizi üns bilen saýlap aÿtmak aýallar üçin gaty gymmatlydyr. Öz-özüne bolan hormaty artar we siziñ bilen gatnašygyñyzyň berk bolmagyna täsir eder.
28
283
guli_
15 Yanwar 2024
@myrataly_, bolu bilya)
myrataly_
15 Yanwar 2024
@guli_, Bashda soradym,gyzlar sizi bagtly etmek ucin shular yeterlikmi diyip
guli_
14 Yanwar 2024
@tim_, dagy name🙄
guli_
14 Yanwar 2024
@myrataly_, dusnukli
myrataly_
14 Yanwar 2024
@guli_, Ikisem
guli_
14 Yanwar 2024
Ayala degislida dine,gyza dalde?
nabat_
14 Yanwar 2024
@0878, sag boln kop kop🥰🤗Amin
nabat_
14 Yanwar 2024
@flowers_, hawa sag boluñ
nabat_
14 Yanwar 2024
@flowers_, sagboluñ gelnejemjan.Ertirem ejemiñ doglan guni 2 toy bile nesip bolsa😁😊
nabat_
14 Yanwar 2024
Geliñ geliñ😊😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.