timm
14.01.2024 11:54
Adamlaň içinden gyl dek sogrulyp,
Bir gün soňky ýola ugraryn menem.
geçip giden ýyllar yza öwrülip,
hiç haçan, hiç haçan dolanmaz ýene.

Dolanmaz yzyna ýigrimbäş ýaşym,
Dolanmaz yzyna gojalygym-da.
Güneş bilen şemal bilen hoşlaşyp,
Ýiterin ýoklugyň gijeliginde.

Ot gögerip mazarymyň üstünde
Gezegine bezär ony pasyllar.
Ýyllar gider,
Ýiter gider mazar-da,
Bu topragy bezäp ýaşar nesiller.

Gör neneň hekaýat:
Bolmasam-da men,
adamlar ýaşajak, baky öljek däl.
A men bolsam adamlardan aýrylyp,
Bir minut hem ömür sürüp biljek däl.

✍️🏼 Halyl Kulyýew
21
143
ylham_gurbanaly
15 Yanwar 2024
@tim_, @alhimik23 podpisatsýa ederin diýseň
ylham_gurbanaly
14 Yanwar 2024
@tim_, sen imomda bardyň dämi? Nomeriňi oklap goýaýda
manolya
14 Yanwar 2024
@tim_, bilemok ol proglary ,
ylham_gurbanaly
14 Yanwar 2024
@tim_, PMarket işläp durmy? Ço to mende işlänok.
manolya
14 Yanwar 2024
@tim_, ýok
ylham_gurbanaly
14 Yanwar 2024
@tim_, kerkiň suraty duranmy
manolya
14 Yanwar 2024
@tim_, shedewrum chat ýaly zat dälmay ol
ylham_gurbanaly
14 Yanwar 2024
@tim_, aha sagja bol. Giremsoň guk diýerin)
ylham_gurbanaly
14 Yanwar 2024
@tim_, shedevrum "wepasyz" işleýämi
ylham_gurbanaly
14 Yanwar 2024
@tim_, Weppiş gerekmi ýa, tak işleýämi?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.