Kä-te dertden dolar göwün giñligiñ,
Köpüsi, sebäpli, köpi sebäpsiz.
Nätanyş soraglar gurşar daşyñy,
Niçesi jogaply, niçe jogapsyz.
Halyña düşünjek tapmarsyñ gözläp,
Ýygrylarsyñ, ejizlärsiñ az kemem.
Hopugarsyñ, urunarsyñ her ýana,
Azlyk edip, tiz-tiz alynan demem.
Şol pursat señ bar gussañy ýok edip,
Kalbyñ ýodalaryn tümden a:ýdyñlar.
Ynsanyñ derdini götär özünde,
Ajap owaz bilen, saýran aýdymlar.
Hajymyrat Goşaýew