Ünsüň bozulmasy.
Ünsüň bozulmasy beýniniň patologiki ýagdaýynyň esasy alamatlarynyň biri bolup durýar. Ünsüň patologiýasy şeýle-de psihiki kesellerde duş gelýär.
Şeýle bozulmalar ýüze çykýar:
Ünsüň göwrüminiň bozulmasy – erkin işjeňliginiň zonasynda köp sanly göz öňüne getirmeleri we olary erkin hereketlendirmegi başaryp bilmezlik bilen ýüze çykýar. Bir işi ýerine ýetirende bir ýa-da beýleki talaplaryň aňsat ýitmegi, bir zatlar göz öňüne tutulup beýleki zatlar hasaba alynmaýar. Näsaglar dagynykly, unudagan bolýar. Olaryň aýtmagyna görä, söhbetdeşlikde çala ünsüni bölse, aýtjak bolan bar pikiri ýadyndan çykýar. Goňşy otaga bir zat almaga gidende, barýançalar almaly zadyny ýadyndan çykarýarlar. Ýatdan hasaplap başlanlarynda sanlar köpelip we işlenmesi kynlaşyp başlanda ünsüniň aktiw zonasynda saklap bilmeýär we ýalňyşýar.
Ünsüň çuňlugynyň peselmesi – passiw ünsüň aktiw ünsden üstün çykmagy bilen häsiýetlenýär. Kliniki tarapdan ünsüniň sowulmasy, synçylygyň peselmegi, ünsüň ýokarlaýyn we durnuksyz häsiýetli bolmagy bilen ýüze çykýar. Näsaglar ünsüni bir zatda uzak saklap bilmeýär, başlan işini soňuna çenli etmeýär, başga zada ünsüni bölýär. Soraglary ünssüz diňleýär, olary gaýtalamaly bolýar, jogaplary ugursyz, oýlanyşyksyz, näsaglar başga zatlara, ýatlamalara, oýlanyşmalara ünsüni bölýär.
Ünsüň çenden aşa gowşamasy – ýadamaklyk sebäpli belli bir hadysalarda ýa-da işlerde uzak wagtlap ünsüni saklamaklygyň peselmegi bilen ýüze çykýar. Uzak wagt edilmedik işden soň çalt depginde ýadawlyk duýgusy, ünsüň bölünmesiniň ýokarlanmasy, sapaklara höwesiniň ýitmesi, dynç almaga we işini täzelemäge talap, ukuçyllyk, bir ýerde oturup bilmezlik ýüze çykýar.
#Duýgurlygyñ bozulmasy.