gunesh_
13.01.2024 23:33

Özlerine näme bolýanyny biljek bolup, o lukmandan o lukmana ylgaýan adamlar barada elmydama eşidýänsiňiz. Ýöne ikilenç barlag hiç zat berenok, lukmanlar öz diýeninde durýar. Psihiatr, adatça, şeýle diýýär: «Siziň üýtgeşik keseliňiz ýok, biraz beýniňiz ýadapdyr. Siz oňatja dynjyňyzy almaly». Takmynan, her bir kesele beýni ýadawlygy sebäp bolýar – bu, dogrudanam, çynlakaý howp.


Biziň häzirki ösen döwrümizde beýnä şeýlebir agram düşýär welin, her bir adam belli bir derejede beýnisiniň güýçden gaçmagynyň gurbany bolýar. Adam ruhy taýdan näçe güýçli boldugyça, onuň tutgaýy tutmak howpy şonça-da uludyr. Ine, şonuň üçinem keselhanalarda her ýyl 300 müňden gowrak adam özüni bejerdýär.


Ruhy näsaglyk öz awuna assyrynlyk bilen garap durýar. Gaharjaňlygyň (nerwoznost) örän köp görnüşi bolup, güýçden gaçan beýniňi ýaňadan gurmakçy bolanyňda seresaplylygy talap edýär.


Gaharjaňlygyň bir görnüşi sussupeslik bolsa, beýleki görnüşi ýaňralykdyr. Käbir adam özüni gowuşgynsyz duýýan bolsa, beýleki biri aşa duýguçyl bolup, aglamak bilen bolýar. Üçünjisi has gazaply bolup, hemişe ähli kişi bilen tersleşmäge taýýardyr.


Adamy biynjalyk edýän zatlary – kellagyry, aşgazanyň iýmit siňdirmezligi, ýüregiň sançmagy, tarsyldamagy, eliň we barmaklaryň titremegi – näçe sanasaň sanap oturmaly. Bu adamlar ähli zatdan höwessiz bolup, hiç zat etmän gol gowşuryp oturýarlar. Käwagtlar bolsa ot alan ýaly bolup ylgaýarlar, sebäbi özlerine bir zat bolar ýa-da beýleki adamlar ýüz dönderer öýdýärler. Adamlaryň aglabasy gorkuda, sussupes ýagdaýda ýaşaýar.


Esasy gorkular


Eger adamlardan «Nämeden gorkýaň?» diýip soraýsaň, onda olaryň köpüsi şeýle jogap berýär: «Hiç zatdan». Bu ýalan, sebäbi her bir adam şol ýa-da başga bir wagt şu esasy gorkylaryň gurbany bolýar: garyplyk, kesellemek, garramak, söýgiňi ýitirmek hemem ýazgarylmak gorkusy. Şu gorkularyň biri ýa-da birnäçesi sebäpli millionlarça adam ömürboýy aladaly ýaşap, beýnileri dartgynly gezýär. Şonuň üçinem olaryň beýnileriniň güýji kem-kemden peselme bilen bolup, ahyrsoňy heläkçilikli ýagdaýda gutarýar.


Gorky durmuşyň hem maddy, hem ruhy tarapyny basyp alýar. Dogrudanam, gorky adama ilkinji gerek zatlarynda, ýagny iýmit, egin-eşik, jaý bilen üpjün bolmakda-da kyncylyk döredýär. Gorky başarjanlygy, ruhubelentligi, öz-özüňi söýmekligi ýok edip, özüňe bolan ynamy, hyýaly oýlanmalary bogup taşlaýar. Gorky adamda açgözlük, naýynsaplyk, iňrelik, haýynlyk hemem gahar-gazap döredýär.


Gorky aýylganç zat, sebäbi ol elmydama adamyň aňynda ýaşaýar, ony hatda şol adamyň özüne-de tapmak kyn. Eger gorky kellagyry ýaly özüniň bardygyny bildirse, onda adam halas bolmak üçin bir zatlar etmeli bolar. Ýöne ol edil ogry ýaly assyrynlyk bilen gelip, beýniňi zäherleýär, şonuň üçinem beýni kadaly işläp bilenok.


Beýniňizdäki gorkulary diňe akylyňyza daýanyp gözegçilik edip bilersiňiz, munuň üçin bolsa beýniňiziň ätiýaçlyk gorlaryny köpeltmeli borsuňyz. Bu zatlary satyn alyp bolanok, muny diňe özüňiz gazanyp bilersiňiz.


«Biz özümizdäki gorkudan başga hiç zatdan gorkmaly däldiris». Bu hakykat. Gorky adamyny şel edýär. Biz diňe öz gorkularymyzy gorkusyz kabul edip, bäsdeşimizi ýeňip bileris.



Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnaly

23
64
amanmyradowna_
14 Yanwar 2024
@flowers_, 😊
amanmyradowna_
14 Yanwar 2024
@flowers_, menem şeýlà. Ilky soñyny açyan òñe tarap geçirip başlayan onnoñ başdan okap başlayan. Źurnal kitap hemme zatda-da şeýle🤔
gunesh_
14 Yanwar 2024
@flowers_, şol kesel mende-de bat 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.