timm
13.01.2024 22:47
Pul diýeniñ eliñ kiri ýalydyr:
Bir gün el ýuwarsyñ-gider diýdiler.
Pul diýeniñ dünýäñ mekru-alydyr
Azaşdyryp, pida eder diýdiler.

Pul gezegen gelin ýaly diýdiler:
Haýyp bolar hallan atyp gözläniñ.
Bu gün seni beýhuş edip söýdürer,
Ertir gujagyndan çykar özgäniñ.

Pul duşmandyr! - akyl berer akyldar
Muzduna uzatsañ ýekeje teññe.
Dünýäde pul hakda akyl satylýar,
A alaýyn diýsem pul ýok-da mende.

Gün bir tylla, barýar gögüñ ýüzünden,
Aý kümüş pul, barýar gögüñ ýüzünden.
Dünýäniñ baýlygy dünýäde galar,
Baýam bolmaz munda göwün ýüwürden.

Kime gujak gerip baýlygyñ berdiñ,
Kimden ýüz öwrüp - paýhasyñ dünýä!?
Göz ýetirdim: tylla ekeni gerbiñ,
Pul ekeni seniñ baýdagyñ dünýä.


#Nobatguly Rejepow
29
137
elisa
14 Yanwar 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.