gunesh_
13.01.2024 20:01
Şol ýyl gyş gazabyna tutup, ýaşajyk çopanlar üçin kyn boldy. Yöne bahar gelip howa maýlansoň begenişdik.
— Ir begenýäňiz, balalam – diýip, goja çopan Koçar ata kellesini ýaýkady. — Ine, Kempiriň güni geçer welin, şondan soň şatlanarsyňiyz.
— Kempiriň güni? O nähili gün?
— Otuz birinji mart. Bir garry kempir: «Mart geçer, aladadan dynaryn...» diýipdir, muny eşiden mart gazaba münüpdir. Fewraldan iki güni karzyna alyp boragan turzup, doňakçylyk edip, garrynyň ähli guzusyny heläkläpdir-de: «Gidýänime begenmäge neneň het edýäň?!...» diýipdir. Şonuň üçinem, balalam, fewral ýigrimi sekiz gündür, mart bolsa otuz bir.
Haý, garry Koçar diýsänim, onuň toslamaýan zady ýok. Goý, näme diýse şony diýsin. Daşary maýyl, ýazyň bir güni, hany, onuň aýdýan gardyr boragany nirede?... Biz mylaýym Günüň astynda, eýýäm gök öwsüp ugran tokaý meýdançasynda gaýgy-gamsyz oýnaýardyk.
Oýna güýmenip daglaryň başyna gara bulutlaryň toplananyny we Günüň öňüni tutanyny bilmän galypdyrys. Howa sowap gar gatyşykly ýagyş ýagyp başlady. Garry Koçar bize ýöne ýere duýdurman eken.
Gyşda arryklan sygyrlarymyz ýaňy pyntyk ýaran agaçlaryň aşagyna üýşüp, çygly howanyň derdinden titreşýärdiler.
Biziňem şolardan gowulygymyz ýokdy. Köneje eşigimiň ýyrtyklaryndan sowuk howa urup, süňňüm bilen gagşaýardym.
Ýoldaşlarym mallarynyň ýanyna gitdi, men bolsa arkamy agaja söýäp sandyraklap durdym. Dişim-dişime degenokdy, ýeňimiň gyrasyndan gögeren barmaklarymyň uçlary görünýärdi.
Çöp-çalam çöpläp ot ýakjak boldum, ýöne odun öl, şemal bolsa şeýle-de ölügsi ýanýan otluçöpi dessine söndüräýýär. Gar barha gürelip tozgalaýar. Daş-töwerek alagaraňkylyk bolup, içgysgynç agșam golaýlaýardy.
Birdenkä agaçlaryň arasyndan bir horja towşan ylgap çykdy. Ol meni görüp gorkanam bolsa gaçmady. Agajyň aşagynda, golaýjagymda durdy, gorkudan ýaňa saňňy- syňňyl edip aldygyna yzyna garanjaklaýardy.
Ol ýerde näme barka?
Üns bilen seretdim, göräýmäge hiç zat ýok ýalydy, diňe pyntyklap ugran inçejik çybyklar bardy. Birden şol çybyklar şybyrdap, olaryň arasyndan bir ýyrtyjynyň tumşugy göründi. Tilki! Häý, bezzat diýsänim, towşanyň yzyndan kowan bolmaly-da, maňa pete-pet gabat gelip, indem gorkusyna gizlenýän bolmaly.
Ol guýrugynyň üstünde oturdy-da, towşany awlajagyna begenip, dili bilen ernini ýalaýardy. Men ony görýän däldirin öýdýärdi hemem men gidenimden soň, towşany iýerin diýip pikir edýärdi.
Towşanjyk bolsa üç ädim aňry ýanymda durdy, taýak bilen kakdygyň ýykyljakdy... Meniň ýaly çopan üçin bu ullakan oljady. Ýöne haraý isläp gelen bu betbagt jandara seredip, meni buýsanç dýgusy gaplap aldy...
Men taýagymy ýokaryk galdyrdym, ýöne onuň bilen towşany urmakçy däldim. Taýak şuwlap barşyna, tilkiniň gizlenen ýerindäki agaçlary çawlap geçdi. Olaryň üstündäki garlar zyňlyp, şahalar zaryn şatyrdady. Gyrymsylykdan atylyp çykan çypar tilki guýrugyny peşşerdip, jeňňellige siňip gitdi.
Towşanjyk gorkusyna ýerinden tarsa galdy-da, penjesini kakyşdyryp bir bökende gözden ýitip gitdi. Onuň ters ugra gidenligi, elbetde, düşnükli zat.
Ol deňimden zybyrt edip ötüp gitdi, ýöne onuň ýaşly gözlerindäki minnetdarlyk alamaty hakydamda galypdyr.
Belki, gözüme şeýle bolup görnen bolmagam ahmal..



Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnaly
24
80
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.