myrataly_
13.01.2024 12:49
ROWAYATLAR UMMANYNDAN Ýagşylygyň açary

Aýtmaklaryna görä, Soltan Sanjar bir gün oba raýatlarynyň halyndan habar almaga gidende, ýanyna Enwerini hem alypdyr.

Soltan Sanjar yolda oňa birnäçe sowal berýär:

Iň gowy gül haýsy gül?

Enweri:

Köňül gülüdir, Soltanym.

- Iň gowy aw haýsy şikar?

- Adamlaryň köňlüni awlamak iň gowy şikardyr.

Iň gowy söz nähili söz?

Dogry hem ýagşy sözdür, Soltanym.

- Sen bu zatlary nämä esaslanyp aýdýarsyň?

- Şol aýdanlarymyň barysy ýagşy niýete girýär. Ýagşy gylyk bolsa ýagşylygyň açarydyr - diýýär.
28
102
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.