ilhano_va
12.01.2024 22:46
Men halys ýadadym, eje!
Gapyl dünýäň görgüsinden, alyndan.
Ýyllaň penjesiniň yzy galypdyr
Birçak seniň demiň düşen alnymda.

Men halys ýadadym, eje!
Bu ýollaryň hupbatyndan, tümünden.
Süýnýän ýyldyzlardan, agyllan Aýdan.
(Ejizlik däl, mertligem-ä däl welin),
Çawlanda ýüzüňi hazanyň ýeli
Sowuk gijelerde üşeýär adam.
Gyşlar sowuk, eje,
Ýat iliň gyşy hasam.
Armany bolmazmy mert bolan merdiň,
Dermany bolmazmy dert bolan derdiň,
Gülgüne ömrümi gülgün hyýala,
Ömrümi ýollara rowana berdim.

***

Ýyllara aldyryp çagalygymy,
Juda daşda galandygna düşündim.
Geýim deý sypyryp çaga gylygmy,
Bu zatlaryň ýalandygna düşündim.

Çalaran saçlarňa gurban bolaýyn,
Eziz, ejem, berme gözlerňi ýaşa.
Men bu ýolda herne bolsam bolaýyn,
Sen bir, sen bir, sen bir umytda ýaşa!

Ogluň Eýýup kibi derdine çydar,
Derdimem ýok meniň il aglar ýaly.
Zeminde sen, eje, asmanda Huda,
Başga kim galypdyr bil baglar ýaly.

Sergezdan balalar ir-giç hor bolsa,
Enesiniň huzuryna gelýändir.
Diýgin, eziz, heläk bolsam ýollarda,
"Adalat agtaran ýolda ölýändir".

Çölde bolup Hydyr görmän,
Ilde bolup gadyr görmän,
Mydam alyp durman gamyň huzuryn,
Bar-a meňem derdinmäge hukugym.
"
17
56
ilhano_va
13 Yanwar 2024
@elisa, Salam. . . Ýok men ýazamok . .
elisa
13 Yanwar 2024
Ozuniz yazdynyzmy?!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.