Otbaşy
Kesel dörediji barada- Basillus anthracsis, Basillus urugynyň, Basillaceae maşgalasyna degişlidir. Ol (5-10) x (1-1,5) mkm ölçegli, tegelek, gabykly görnüşi emele getirýän, grampozitiw taýajykdyr. Hereketsiz taýajygyň daşy spora bilen örtülendir, döredijiniň wegetatiw we sporaly görnüşlerini tapawutlandyrýarlar. Wegetatiw görnüşi diri bedende ýa-da barlaghana iýmitlendirijide gowy ösýär. 55-60 gradus gyzgynlykda birnäçe minutdan, gaýnadylanda şol bada ölýärler, pes gyzgynlygyň täsirine bolsa örän durnuklydyr.
Epidemiologiýasy- Ýokanç keseliň esasy çeşmesi keselli haýwanlar bolup, olara iri şahly mallar, goýunlar, geçiler, atlar, eşekler, doňuzlar hyzmat edýärler. Olar keseliň ähli döwürlerinde ýokançly bolmak bilen, döredijini peşew, tezek, öýkeniň ganly gakylygy, tüýkülik arkaly çykarýarlar. Keselli haýwanlar ölenden soň olaryň ähli dokumalary, derisi, ýüňi, süňkleri ýokançlylygyny saklaýarlar. Adamlar, haýwanlardan tapawutlylykda, daşky gurşaw üçin ýokançsyzdyr. Haýwanlar köplenç iýmit üsti bilen (öri meýdanynda ot, iým iýende), käwagtlar bolsa ganyň üsti bilen, ýokançly mör-möjekler gan soranda ýokuşýarlar. Ot başy keseli haýwanlarda köplenç içege, sepsis, käwagtlar bolsa “karbunkulýoz deri (dokuzdonly)“ görnüşlerde gabat gelýär.
Keseliň adamlara ýokuşmaklygy köp sanly geçiriş ýagdaýlaryň gatnaşmagynda bolup geçýär. Olara ot başy basillalarynyň gabykly görnüşleri bilen hapalanan keselli haýwanlaryň derileri, çykyntgylary, dürli agzalary, et we beýleki iýmit önümleri, toprak, suw, howa, daşky gurşawyň beýleki ýokuşdyrylan zatlary degişlidir. Kesel adama mal öldürenlerinde ýokançly etiň, et önümleriniň doly bişirilmedik ýagdaýynda, döredijileriň şikeslenen (sypjyrylma, kiçi kesilmeler) deri örtügine düşmeginde bolup geçýär. Ondan başga-da kesel howa-damja, iýmit ýollary we ganyň üsti bilen (haçan-da ýokançly mör-möjekler gan soranda) ýokuşyp bilýär.
Kesel alamatlary- Ot başyň deri görnüşi 80% näsaglarda ýeňil we orta agyrlykda, 20% agyr görnüşde geçýär. Keseliň ýeňil geçişinde zäherlenme alamatlary gowşak ýüze çykýar. Bedeniň gyzgyny kadaly ýa-da subfebril ölçegde bolýar. 2-3 hepdeden soň kesmekli baş emele gelýär we soňundan gaty ýara galýar. Ýeňil görnüşinde näsaglar doly gutulýarlar. Keseliň orta agyrlyk we agyr derejeli geçişinde näsagda gowşaklyk, kelle agyry bolýar. 2-nji günüň soňunda beden gyzgyny 39-40gradusa çenli ýokarlanýar, ýürek-damar ulgamynyň işjeňligi bozulýar. Keseliň amatly geçişinde 5-6 günden soň beden gyzgyny birden peselip kada gelýär, umumy we ýerli alamatlaryň yza gaýtmagy bolýar, çiş kem-kemden peselýär, limfadenit ýitýär. 2-4-nji hepdäniň ahyrynda kesmek gataýar, ýaranyň emele gelmegi bilen baş bitýär.