gunesh_
11.01.2024 20:40
• Statistika maglumatlaryna görä, köp adam, iň bolmanda aýallar, erkek bilen duşuşanda ilki bilen aýakgaplara üns berýärler, eger bir erkek aýakgabyna ideg edip, yzygiderli arassalasa, ýoldaşynyň öňünde mümkinçilikleri iki esse artýar.

• Meşhur aýdymçy Madonna köp dürli aýakgap ýygnaýar.  Aýdymçynyň ýygyndysynda hiç haçan geýmedik jübüt aýakgap bar, sebäbi olar näzik we gymmat materiallardan ýasalypdyr.

• Iň köp aýakgap öndürýän ýurt Italiýa.  Hat-da kartada Italiýanyň territoriýasy aýal-gyzlaryň aýakgabynyň görnüşine meňzeýär.

• 2002-nji ýylyň başynda iň uly aýakgap Filippinlerde öndürildi.  Onuñ uzynlygy 5,5 metr, ini 2,25 metr beýikligi bolsa 1,85 metr bolupdyr.

• Basketbolçy Şakir Oniliň aýaklarynyň ululygy 55.

• Aýalyň ortaça aýagy 39, Parij  Hilton bolsa 44 aýakgap geýýär.

• Taryhçylar Isa Mesihiň aýak ululygynyň 45 bolandygyny kesgitlediler.

• Deňze düşen sport aýakgaplary, takmynan 10 ýyl suwuň üstünde ýüzýär.

• Köp adamyň iki dürli aýak ululygy bar.

• Nikany kanunlaşdyrmak üçin gadymy inkler aýakgap çalşypdyrlar.

• Tunis adaty däl däpleri bilen tanalýar. Olarda oglan geljekki ýanýoldaşyna ak terlik bermeli.  Gelin sowgady kabul edip, terlik we ak ellik geýse, bu onuň makullanmagynyň alamaty.

• Latyn Amerikasyndaky maşgalalaryň köpüsi garyplyk zerarly çagalar aýakgapsyz gezýän ekenler.  Günleriň birinde köp aýakgap fabriklerine eýe bolan Bleýk Maikoski ýurda gelýär we çagalaryň ýalaňaç gezip ýörenlerini görüp,bu ýerde aýakgap öndürýän başga bir kärhana açmagy ýüregine düwýär.  Maýkoski kärhanasyny ýola goýýar we mahabatlandyryş yglan edýär: bir jübüt aýakgap satyn alsaň, sowgat berilýär. Şondan soň ýüzlerçe müň garyp maşgala täze aýakgaplar satyn alyp bilipdir.

• Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda köne aýakgaplary gaýtadan işleýän kärhana bar.  Ýöriteleşdirilen merkezlerinde ulanylan köne aýakgaplar kabul edilýär we sport esbaplaryny ýasamak üçin ulanylýar.  Aýakgabyň her böleginiň öz maksady bardyr.
19
153
manolya
11 Yanwar 2024
@flowers_, siz oglanmy 😐🤨
manolya
11 Yanwar 2024
@flowers_, 😂😂 köp bilýäňeý gelneje oglan saýlamda kömek soraryn sizden 😲
gunesh_
11 Yanwar 2024
@lawyer, 😅😂
loona_girl
11 Yanwar 2024
@lawyer, 🤦 sowgadyňa sagbol taňyrýalkasyn diyaymese 😅
susom
11 Yanwar 2024
olmesen her zat gorjegay
loona_girl
11 Yanwar 2024
O kowuşleri geymagede duh gerekdirlay 😬😂😂🤣👍
manolya
11 Yanwar 2024
@Di-Mentro, 😬
gunesh_
11 Yanwar 2024
@mawy, 🤭
manolya
11 Yanwar 2024
1nji surata gülip öldim 😂😂aý sawww
manolya
11 Yanwar 2024
1 njini geýäýseň oglan gaçyp gider ilkinji duşuşykda 😂😂😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.